Tehnikalar taýýarlyk hatarynda

11 Ýanwar 2021
1572

Ýurt Garaşsyzlygy ýyllarynda ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen birlikde oba hojalyk pudagynda hem düýpli özgerişlikler bolup geçdi. Pudaga ýolbaşçylyk edilişiniň kämilleşdirilmegi, daýhan birleşikleriniň giňden goldanylmagy, ýer eýeleriniň ýokary öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi netijesinde ene toprakdan alynýan önümleriň möçberleri düýpli artdyryldy. Şonuň netijesinde ýurdumyzda ilaty zerur azyk önümleri bilen üpjün etmek wezipesi üstünlikli çözülýär.

Hormatly Prezidentimiz pudagyň meselelerine uly döwlet syýasatynda ilkinji derejeli üns bermek bilen, möhüm çözgütleri kabul edýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere tehnikalary we iş gurallaryny satyn almak üçin banklardan ýeňillikli, uzak möhletli karz serişdeleri uly möçberlerde berilýär. Şonuň netijesinde oba hojalygyna tehniki taýdan hyzmat edýän kärhanalaryň we daýhan birleşikleriniň tehnika parky düýpli täzelenýär. Bu bolsa kuwwatly tehnikalaryň daýhanlaryň hakyky daýanjyna öwrülmegini şertlendirdi. Hut biziň welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda hem ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Gollandiýanyň, Türkiýäniň we dünýäniň senagat taýdan ösen beýleki döwletleriniň meşhur kompaniýalarynda öndürilen ygtybarly we ýokary öndürijilikli tehnikalaryň güýjünden giňden peýdalanylýar. Ýeri gelende olara wagtly-wagtynda tehniki hyzmat etmek, abatlamak işleriniň üstünlikli ýola goýulýandygyny bellemek hem ýerlikli bolar. Munuň şeýledigine häzirki gyş günlerinde tehnikalary möwsüme taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň mysalynda hem doly göz ýetirmek bolýar. Ussahanalarda abatlaýjylaryň tagallalary ýetip gelýän möwsüme çenli oba hojalyk tehnikalaryny we iş gurallaryny doly abatlamaga gönükdirilendir. Zerur ätiýaçlyk şaýlarynyň ýeterlik möçberde bolmagy möhüm işleri gysga möhletde tamamlamaga ýardam berýär. Tehnikalary abatlamak işleriniň tamamlaýjy tapgyryna gadam basylmagy bolsa oba adamlarynyň ýetip gelýän ýaz-meýdan işlerine ykjam taýýarlykly barýandyklaryndan habar berýär. Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginden bize habar berişleri ýaly, şu döwre çenli bar bolan gowaça ekijileriň 325-si, kultiwatorlaryň 1094-si, dişli boronalaryň 7898-si, malalaryň hem 552-si doly abatlanylyp, taýýarlyk nyzamyna goýlupdyr.

Mämmet GYLYJOW.