Sahawatly topragyň nygmaty

10 Ýanwar 2021
1367

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek baradaky strategiýasy bilen baglylykda, Türkmenistanda oba senagat toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, pudagyň ähli ulgamlaryna iň döwrebap tehnikalary giňden ornaşdyrmak, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, oba senagat toplumynyň tehniki binýadyny täzelemäge uly möçberde maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Häzirki wagtda bu toplumyň üsti dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň döwrebap traktorlary, kombaýnlary, beýleki tehnikalary we enjamlary bilen ýetirilýär.

Obasenagat toplumyny tehnika we tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrmak pudagyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, azyk howpsuzlygyny berkitmäge, ýokary hilli önümleri çykarmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki döwürde bu wezipeler Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy esasynda, hil taýdan täzeçil usulda ýerine ýetirilýär.

Arslan JUMAMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.