Gök ekinleriň ýaprak köwüjisi

10 Ýanwar 2021
1320

Ýokary hilli hasyl almak üçin ekinleri zyýanberijilerden gorap saklamak esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Gök ekinleriň ýaprak köwüjisi hem zyýanberijileriň biri bolup, ol ösümlikleriň 50 görnüşine, esasan, ot-iýmlik ösümliklere, aýratyn hem ýorunja, gawuna zyýan ýetirýär. Siňegi ownuk garamtyl sary bolup, ol 1,3 – 2,3 millimetr uzynlykda bolýar. Bu zyýanberijiniň bir ýaşyndaky gurçugy ilkibaşda reňksiz bolup, soňra ol açyk sary reňkden mämişi reňke geçýär. Gundak döwründe gyşlaýar.

Begenç SABYROW,
Daşoguz welaýat ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugynyň başlygy.