Abatlaýyş kärhanasynyň döwrebap işleri

8 Ýanwar 2021
1326

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça düýpli çäreler amala aşyrylýar. Şeýlelikde, bu ugra dahylly edara-kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagy, önümçiliginiň kämilleşdirilmegi baradaky giň gerimli aladalar oňat netijeleri berýär. Bu bolsa olaryň pudagyň ösüşine goşant goşmakda öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmeklerine oňaýly şertleri döredýär. Häzirki günlerde bu kärhanalarda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýaz ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde ekişde ulanyljak tehnikalary, ätiýaçlyk şaýlaryny abatlamak işleriniň hem depginigüýçlendirilýär.