Işler ýaýbaňlandyrylýar

7 Ýanwar 2021
1319

Ýaz ekişi geçiriljek meýdanlarda irki möhletlerde sürüm işleriniň geçirilmegini gazanmak möhüm daýhançylyk çäreleriniň biridir. Şundan ugur alýan Bäherden etrabynyň oba zähmetkeşleri şu günler gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini guramaçylykly alyp barmak bilen, onuň agrotehniki möhletlerde tamamlanmagyna aýratyn ähmiýet berýärler.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda etrap boýunça 12 müň 550 gektar meýdanda gowaça ekişini geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle bolansoň, häzirki günlerde meýdan işleriniň depginine we hiline uly üns gönükdirilýär. Bu işe etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň tejribeli mehanizatorlarynyň işjeň çekilmegi sürümiň ýaýbaňlandyrylan depginde dowam etmegine şert döredýär.

Muhammet DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.