OBA HOJALYGY: işler utgaşykly barýar

5 Ýanwar 2021
1364

Halal işläp, haýyr tapan

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, oba hojalyk pudagynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Milli Liderimiziň saýasynda daýhanlaryň zähmeti, ýaşaýyş-durmuş şertleri üns-alada bilen yzygiderli gurşalýar, çeken zähmetine mynasyp baha berlip, Watan harmanyna tabşyran hasyly üçin hasaplaşyk işleri wagtynda geçirilýär. Özleri barada aladalanylýan her bir kärendeçi daýhanlara berilýän mümkinçiliklere jogap edip, jogapkärli zähmet çekip, bol hasyl ugrunda aladalanýar. Şeýle kärendeçileriň biri hem Çarymyrat Nurmämmedowdyr.