Bolçulygyň mekany

4 Ýanwar 2021
1489

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen daýhanlarynyň toprakdan bol hasyl almaklary üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Bir söz bilen aýdanyňda, türkmen topragy — keramatly, sahawatly, bereketli toprak. Her gysym gumy zere-düre deňelýän bu toprak daýhanyň yhlasyna görä berekedini eçilýär. Ata-babalarymyz öz rysgyny hemişe ene toprakdan tapypdyr. Pederlerimizden galan bu ýörelge häzirki wagtda-da oba zähmetkeşleriniň durmuş ýörelgesiniň baş ugrdyr.

Ösüşlere beslenýän Diýarymyzda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi üçin kuwwatly binýady döretmäge mümkinçilik berdi. Şunda ýurdumyzyň halk hojalygynyň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyna hem uly orun berilýär. Oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek we azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy, yzygiderli goldawy bilen ýurdumyzda bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde, dünýäniň öňdebaryjy döwletlerinde öndürilen döwrebap oba hojalyk tehnikalary we gurallary, olar üçin ätiýaçlyk şaýlary hem-de beýleki zerur serişdeler yzygiderli satyn alynýar.

Şirinjemal ATDAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.