Işeňňirler işde belli

3 Ýanwar 2021
1415

Murgap etrabyndaky pagta arassalaýjy kärhanasy welaýatdaky ugurdaş kärhanalaryň arasynda öz işini döwrüň talabyna laýyk ýola goýmagy başarmakda, öwgä mynasypdyr. Onuň bir ýylda jemi 90 müň tonna — 60 müň tonna orta süýümli, 30 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bar. Şonuň üçin häzir bu ýerde her günde 60 — 70 tonna pagta gaýtadan işlenilýär. Özara bäsleşikde kärhahanyň ussalary Azat Allakowyň, Güýç Akyýewiň ýolbaşçylyk edýän toparlary aýratyn tapawutlanýarlar.

Ogulnäzik MUKYMOWA,
TAP-nyň Murgap etrap komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.