Baglaryň «dilini tapýan» bagban

3 Ýanwar 2021
1540

Lezzetli miwelerini şahalarynda güjeňleýän baglary synlanyňda, olara yhlasyny siňdirýän bagbanlaryň zähmetine «Aperin!» diýýärsiň. Şeýle bagbanlaryň biri hem Köýtendag etrabynyň «Köýtendag» daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy, alym-agronom Narbaý Hamitowdyr. ol 2 gektar kärende ýeriniň 1 gektarynda gyşky alma, 0,4 gektar meýdanynda armyt we beýi, galan 0,60 gektarynda bolsa gyzyl alma ösdürip ýetişdirýär.

Topraga hyzmat etmek, bag nahallaryny oturtmak diýen düşünjeleri Narbaý aganyň ykbalyndan aýra göz öňüne getirmek mümkin däl. Baglar tejribeli, zähmetsöýer bagbanyň yhlasy bilen hasylly bolýar. Narbaý aganyň kakasy Hamit Abdyllaýew oglunyň çagalykda baga bolan höwesini ikelläp goldady. Şonuň üçin ol oglunyň oba hojalyk ugrundan ýokary bilim almak hakyndaky arzuwyna özünden beter begendi. Narbaý aga 1993-nji ýylda almany gurçuk keselinden goramagyň usullary boýunça kandidatlyk dissertasiýasyny ýazyp gutarýar we oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejäni alýar.

Mahym ROZYÝEWA.