«Nusgawy meýdanyň» bereketli hasyly

3 Iýul 2024
42

Galla — 2024

«Nusgawy meýdan» daýhan hojalygy Bereket etrabynda öňdebaryjy hojalyklaryň biridir. Ýaşy ýaňy dört onlugy tegeläp barýan, adygan daýhan, ussat ekerançy Azatgeldi Baýjanowyň tagallasy bilen döredilen bu hojalyk geçen bäş ýyla golaý wagtyň içinde köp öňegidişlikleri gazandy. 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakynda» kabul eden Kararyna laýyklykda, onuň hojalygyna 99 ýyla çenli peýdalanmaga 3215 gektar ýer bölegi bölünip berildi.

Gulatar GAZAKOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bereket etrap birleşmesiniň başlygy.