Höweslerine höwes goşulýar

3 Iýul 2024
30

Döwlet Baştutanymyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek, şeýle hem daýhanlaryň zähmetini höweslendirmek maksady bilen bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak barada kabul eden Kararlary Kerki etrabynyň gallaçylaryny hem täze ýeňişlere ruhlandyrdy. Olar şu ýylyň galla oragyny üstünlikli jemlediler.

Etrabyň «Gyzylaýak» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri zähmet ýeňşine uly goşant goşdular. Olar şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda ýerine ýetirdiler. Edermen gallaçylar hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk önümleriniň döwlet satyn alyş bahasyny ýokarlandyrmak baradaky Kararlaryndan ruhlanyp, 3190 tonnanyň ýerine 3449 tonna guşgursak bugdaýy döwlet harmanyna tabşyrdylar.

Ilmyrat DÖWLETOW.