Bol hasylyň aladasy

3 Iýul 2024
53

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda gowaçanyň bol hasylyny öndürip, şanly ýyly zähmet üstünligine beslemek hyjuwy bilen işleýän Ak bugdaý etrabynyň oba zähmetkeşleri şu günler ekiniň ideg işlerine jogapkärli çemeleşýärler. Şu ýylyň ýaz ekişi döwründe 21 müň 900 gektara gowaçanyň ýokary hasyl bermäge durnuklylygy bilen tapawutlanýan görnüşlerini eken etrabyň pagtaçy daýhanlary häzirki wagtda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işlerini sazlaşykly alyp barýarlar.

Etrabyň oba zähmetkeşleri pagta ýygymyna hem ykjam taýýarlanýarlar. Etrabyň “Obahyzmat” önümçilik kärhanasynda bar bolan pagta ýygyjy kombaýnlar doly taýýarlyk hatarynda goýulýar. Kärhananyň bejeriji ussalary bu işde yhlasyny gaýgyrmaýarlar. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň wekilleri bolsa zähmetkeşleriň arasynda bolup, armalaryny ýetirýärler, öňdäki jogapkärli möwsümiň ähmiýeti boýunça düşündiriş işlerini alyp barýarlar.

Amanbibi HALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň işgäri.