Üstünlige beslenýän netijeler

2 Iýul 2024
45

Türkmenabat şäheriniň çäginde ýerleşýän, her ýylda 100 müň tonna bugdaýy saklamaga we ýylda 80 müň tonna un öndürmäge niýetlenen taslama kuwwatlylygy 5 müň tonna bolan tohumlyk bugdaýy arassalanýan we saklanýan bölümden ybarat bolan «Türkmenabat galla önümleri» kärhanasy ýurdumyzda öňdebaryjy kärhanalaryň biri hökmünde tanalýar.

Ýylyň başyndan bäri bu kärhanada jemi 19 müň 831 tonna un öndürilip, şondan 6 müň 574 tonnasy ýokary hilli, 13 müň 257 tonnasy bolsa 1-nji hilli un önümi boldy. Şeýlelikde, kärhananyň ösüş depgini 101,4 göterime barabar boldy.

Çemengül HUDAÝBERENOWA,
Agrosenagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň başlygy.