Yhlasa - myrat

27 Iýun 2024
23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlarymyzyň yhlasly zähmeti bilen her ýylda bereketli toprakdan bol hasyl alynýar. Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde, şeýle hem hormatly il sylagly ýaşulylarymyzyň “Her bir dänäň müň bolsun!” diýen sözler bilen ekişe badalga berlenden soň ene topraga atylan her bir däne müň bolup bereket nury seçilýär.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny durmuşa geçirmek, amala aşyrmak maksady bilen ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreler ylmy esasda yzygiderli wagtly-wagtynda ýerine ýetirildi.

G.Ýazmedowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy.