Bereket çeşmesi — guşgursak bugdaý

27 Iýun 2024
62

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan eziz Watanymyz rowaçlyklaryň mekanyna öwrülýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmelerde ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyny toplumlaýyn esasda ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak, azyk bolçulygyny döretmek, şeýle hem pudagyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 24-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna baryp gördi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz toplumyň işi bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Munuň özi oba hojalyk toplumynyň döwrebap derejede düýpli özgerdilýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar.

Maksatmyrat MYRADOW,
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň başlygy.