Welaýatymyzda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär

26 Iýun 2024
104

Bereket önýän meýdanlar

Welaýatymyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, şu ýyl Akdepe etrabynyň gallaçy daýhanlary hem ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek ugrunda ýadawsyz zähmet çekdiler. Şonda olar geçen ýylyň güýzünde ekiş geçirilen 35 müň gektar meýdandan 63200 tonna ýokary hilli däne öndürmegi öňlerinde maksat edinip goýmak bilen, bu gadymy ekiniň idegini ýetirmäge çalyşdylar. Etrabyň gallaçylarynyň şeýle agzybirlikli aladalarynyň oňat netijeleri berendigini häzirki wagtda olaryň ýerlerinde dowam etdirilýän hasyl ýygymynda gazanylýan öňegidişlikler aýdyň tassyklaýar.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».