Galla — mukaddes baýlygymyz

26 Iýun 2024
80

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 24-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň barşynda gallaçy babadaýhanlar tarapyndan Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň tabşyrylandygy hakdaky hoş habaryň aýdylmagy ählimizi begendirdi. Çünki ak bugdaý halkymyzyň mukaddes baýlygydyr, bereket-bolçulygyň çeşmesidir. Diýarymyzda ak bugdaýyň ýylyň-ýylyna ýokary hasylynyň ýetişdirilmegi azyk bolçulygyny pugtalandyrmagyň kepili bolup durýar.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda hem guşgursak ak bugdaýyň bol hasyly kemala getirildi. Häzirki gyzgalaňly günlerde welaýatymyzyň ak ekin ussatlary bereketli hasyly ýitgisiz ýygnamakda yhlasly we tutanýerli zähmet çekýärler. Däne ýetişdirilen 195 müň gektar meýdandan ýokary hilli bugdaýyň 400 müň tonnasyny taýýarlap, Watanymyzyň galla harmanyna saldamly goşant goşmagy belent maksat edinýän welaýatymyzyň gallaçylarynyň şu günlerki alyp barýan işleri öwgä mynasypdyr. Gyzgalaňly günlerde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat we etrap komitetleriniň wekilleri tarapyndan gallaçylaryň armasy ýetirilip durulýar, öňdebaryjylar höweslendirilýär.

Akjemal SUHANOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri.