Bagym bar — barym bar

26 Iýun 2024
66

Ene ýeriň gelşigi — bag, baglaryň ýaraşygy bolsa olaryň miweleridir. Baglara ideg etmek, datly miweleri ýetişdirmek ýaly sogaply iş bilen bagbançylyk kärini söýýän, bu ýeňil bolmadyk kesbiň inçe syrlaryny kämil bilýän adamlar meşgullanýarlar. Bagbanyň işiniň aýratynlygy bolsa onuň şu günüň däl-de, geljegiň aladasy bilen ýaşaýanlygyndadyr. Sebäbi baglar özüni ekenden, ösdürip ýetişdirenden hem uzak ýaşaýarlar. Şonuň üçin halkymyzda owaldan bäri daragt ekene, oňa hyzmat edene uly sarpa goýulýar. Ile-ýurda gerekli iş bilen meşgullanyp, sylag-hormata mynasyp bolýan adamlaryň biri-de Narbaý Hamidowdyr. Ol Köýtendag etrabynda tejribeli bagbanlaryň biri hasaplanylýar.

Narbaýyň zähmet ýoluna nazar aýlanyňda, onuň ykbalynyň oba hojalygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna göz ýetirýärsiň. Ol 1993-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini üstünlikli tamamlap, agronomçylyk hünärini ele aldy. Geçen ýyllarda öz saýlap alan ugrundan dürli wezipelerde abraý bilen zähmet çekdi. Ýokary mekdepde alan çuňňur bilimi, toplan uly iş tejribesi oňa özüniň hususy işini üstünlikli ýola goýmagyna mümkinçilik berdi. Munuň üçin ýurdumyzda amatly şertler hem döredilýär.

Hudaýberen PALEKEÝEW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.