Yhlasy ýerine düşdi

26 Iýun 2024
60

Bereket etrabynyň «Isgender» daýhan birleşiginiň ekin meýdanlarynda bolup, alnyp barylýan işler bilen tanşanyňda, bugdaý hasylyndan belent harman döredýän kärendeçileriň köňüllerinde beslän arzyly sepgitlerine ýetýändiklerine buýsanýarsyň. Diňe bir bu daýhan birleşiginde däl, eýsem, tutuş etrapda tanymal ekerançylaryň biri bolan Baýrammämmet Çopanowyň hem buýsançly nazaryndan alan hasylyndan göwnüniň hoşdugyny aňmak kyn däl. Ol ideg edýän 40 gektar ýerinden 185 tonna bugdaý hasylyny alyp, şertnamalaýyn borçnamasyny etrapda ilkinjileriň hatarynda ýerine ýetiripdir. Topraga bagry badaşan kärendeçi her gektardan alan hasyly 46 sentnerden geçipdir.

— Ene topraga halal hyzmat edip bilseň, ol berekedini bolluk bilen eçilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bize ýerden bol hasyl almak üçin ähli şertleri döredip berýär. Tabşyran hasylymyz üçin nagt hasaplaşyk öz wagtynda geçirilip dur. Häzir meýdandaky samany ýygnap, bereketli topragy öňde duran güýzlük bugdaý ekişine taýýarlap goýmak — esasy aladamyz. Şeýle hem 5 gektar ýerde ekilen pagta ideg edýäris. Bakja ekinleriniň ýygymy hem dowam edýär. Bu işlerde maşgalam Güljemal we ogullarym bilen arkalaşýaryn. Döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden alkyş aýdýarys — diýip, ussat kärendeçi Baýrammämmet Çopanow buýsanç bilen gürrüň berýär.

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,
«Balkan».