Telekeçilik ulgamy ösüş ýolunda

12 Iýun 2024
133

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Öňdebaryjy bazar usullaryny giňden ornaşdyrmak arkaly hususy pudagyň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän orny has-da pugtalanýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işiniň barha ilerlemegi, öňdebaryjy tejribeleriň, ýokary tehnologiýalaryň önümçilige yzygiderli ornaşdyrylmagy bilen, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge giň ýol açyldy. Ýurdumyzda telekeçilige döwlet tarapyndan uly goldaw berilýändigi, dünýä tejribesiniň önümçilige ornaşdyrylýandygy aýratyn bellärliklidir.

Ýagmyr Ödäýew,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.