Arkadag şäheri — şanly taryhyň ojagy

7 Iýun 2024
196

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her ädimi — taryh. Halkymyzyň bagtly durmuşyna, ýurdumyzyň ösüşlerine hyzmat edýän taryh. Arkadag şäheriniň döreýşi, gülläp ösüşleri bilen baglanyşykly hem muňa kän mysallary getirip bolardy.

...Bu gezegem şeýle boldy. Geçen penşenbe güni, 30-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanylan taslamalary, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi. Bularyň her biri, hakykatdan-da, il-ýurt, nesilleriň geljegi baradaky taryhy aladalardyr we bularyň her biriniň çuňňur manysyny seljerip, isledigiňçe söhbet etmek mümkin. Biz bolsa, häzirlikçe, Gahryman Arkadagymyzyň şu saparyna degişli käbir pursatlara ünsi çekmek isleýäris.

Akmyrat HOJANYÝAZ.
«Türkmenistan».