Bedew müneniň bedeni berk

7 Iýun 2024
108

Atly gezelenç etmek, atly türgenleşikler özboluşly lezzetli bolmak bilen, adamyň saglygyna hem örän peýdalydyr.

Saglygy pugtalandyrmakda we fiziki ösüşde at münmek ähmiýetlidir. Bu ýagdaý gadymy döwürlerden mälim bolup, meşhur lukman Antila at münmegiň tutuş bedeni güýçlendirýändigi baradaky pikiri öňe sürüpdir. Ir döwrüň görnükli wekillerinden Selsiý bolsa aşgazan-içege ulgamynyň kesellerini at münmek arkaly bejermegi maslahat beripdir.

Maýsa ÝOLDAŞOWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň mugallymy.