"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Beýik ösüşlerden galkynýan Watan

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik işleriň, döwrebap özgertmeleriň, taryhy wakalaryň, dünýä ýaň salýan halkara ähmiýetli başlangyçlaryň dowam edýän zamanasynda halkymyz bagtyýar, asuda, bolelin durmuşda ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» şygary astynda ýurdumyz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Döwlet Garaşsyzlygymyz halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklaryny, nesilden-nesle geçip gelýän ynsanperwer däplerini dikeltmäge mümkinçilik berdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylyp, ýurdumyz ähli ugurlar boýunça ösüşiň täze belentliklerine çykýar. Watanymyzyň pajarlap ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda belent maksatlara gönükdirilen has uly wezipeler öňde goýulýar.

Il-ýurt bähbidine

Türkmen halky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zähmetsöýerligiň belent nusgasyny görkezip, her bir ýyly uly zähmet ýeňişlerine, üstünliklere besleýär. Bilşimiz ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakasyna öwrüljek umumymilli forumda ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň dowamat-dowam bolmagyna gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşylar. Bu bolsa türkmen jemgyýetinde ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgelerinden gözbaş alýan milli demokratik ýörelgelerimiziň barha uly ähmiýete eýe bolýandygynyň we rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän taryhy özgertmeleriň ähmiýetiniň şeýle uly çärelerde has-da aýdyň ýüze çykýandygyny bellemek gerek. Şonuň üçin hem ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, ata Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da artdyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatyny öňdengörüjilik bilen durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize alkyş we hoşallyk söz

Beýik işleriň belent ykrary

Eziz Diýarymyzda jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän, halklary jebisleşdirýän gymmatlyklar hökmünde bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ulgamy toplumlaýyn özgertmek babatda amala aşyrylýan işler oňyn netijelerini berýär. Ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň amala aşyrýan sport diplomatiýasynyň rowaçlanýandygynyň nobatdaky beýanydyr. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda gelip gowşan bu hoş habar ähli halkymyzyň ruhuny galkyndyrdy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna esaslanýan hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň dünýäde dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şeýle möhüm resminamanyň kabul edilmegi halkara jemgyýetçiligi tarapyndan Türkmenistanda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere ýokary baha berilýändigini tassyklaýar

Buýsanja beslenýän ýyllar

Üstünliklere we rowaçlyklara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni şanly senelere, toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Şu günler agzybir hem-de zähmetsöýer halkymyz ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna barýar. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuwynyň hasyl bolup, milli senenamamyzda müdimilik orun alan Garaşsyzlyk baýramy ähli raýatlarymyzyň kalplaryna egsilmez buýsanç duýgusyny, gözlerine çäksiz guwanç nuruny çaýýar. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen halky Garaşsyzlygyň gazananlaryna buýsanyp, gurýar, döredýär, beýik tutumlara goşant goşýar. Geçen gysga taryhy döwrüň içinde Watanymyzyň ýeten derejesine, içeri we daşary syýasatda gazanylan üstünliklere nazar aýlanyňda, kalbyň has-da joşa gelip, göwün guşuň ganatlanýar. Gysga taryhy döwürde Watanymyzda asyrlara barabar işler amala aşyryldy, döwrebap obalar, şäherçelerdir şäherler guruldy. Beýleki ugurlarda bolşy ýaly, sport ulgamynda hem giň möçberli taryhy işler durmuşa geçirildi.

Garaşsyzlyk — ähli ösüşlerimiziň binýady

Öňňin paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Köpugurly gözden geçiriliş «Garagum» myhmanhanasynyň arkasynda gurnalan sergi meýdançasynda ýaýbaňlandyryldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylda Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralyp, aýratyn ähmiýete eýe bolan bu sergi milli ykdysadyýetimiziň, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik, medeni-ynsanperwer durmuşyndaky giň möçberli özgertmeleriň, özboluşly baý medeni mirasymyzyň guwandyryjy üstünliklerini şöhlelendirýär.

Talyplar sporty ösüş ýolunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Halkara derejeli sport ussatlaryny we tejribeli tälimçileri taýýarlamak, ýaş türgenleriň täze neslini kemala getirmek işi ýurdumyzda anyk wezipe hökmünde kesgitlenildi. Şu günler Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Sport mümkinçilikleriň we üstünlikleriň ýurdy bolan Watanymyzda talyplar sporty ösüş ýolunda» atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleri geçirilýär. 13-nji sentýabrda ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe we sport işlerini kämilleşdirmek hem-de ýaşlaryň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak barada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň sport klublarynyň gatnaşmagynda okuw-maslahat geçirildi.

Pyragynyň goşgularynda tebigatyň waspy

Tebigat – biziň umumy öýümiz. Hut şonuň üçin hem, ata-babalarymyz topragy, suwy, ösümlikleri, haýwanlary, umuman, tebigatyň ähli baýlyklaryny rejeli ulanyp, olary gorapdyrlar, perzentleriniň kalbynda tebigata, onuň baýlyklaryna söýgi duýgusyny oýarmak üçin tagallalaryny gaýgyrmandyrlar. Muny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deýin gorap gelipdir» diýen dürdäne sözleri hem bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Türkmen tebigatynyň gözelligi, özboluşly aýratynlyklary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlarynda hem uly orun alypdyr. Magtymguly atamyz eziz Diýarymyzyň gözelliklere baý tebigatyny, ösümliklerini, agyp-dönüp ýören mallaryny, ýaz gelende açylýan al-elwan güllerini ussatlarça wasp edipdir. Dana Pyragynyň «Türkmeniň», «Hasar dagyndadyr», «Soňudagy», «Ýaýlahlary bar», «Jahan peýda», «Gürgeniň» ýaly şygyrlaryny okanyňda, onuň tebigat we ýaşaýyş baradaky pelsepewi garaýyşlaryny öz goşgy setirlerine siňdirendigine göz ýetirmek bolýar. Akyldar şahyrymyzyň «Türkmeniň» atly goşgusyndaky:

Halkymyzyň milli buýsanjy

Beýik Ýüpek ýoly Gahryman Arkadagymyzyň hem belleýşi ýaly, halklaryň ykdysady, syýasy, medeni gatnaşyklarynyň ösmegine, özgermegine, baýlaşmagyna uly goşant goşmak bilen çäklenmän, ynsanyň çeper ruhy gymmatlyklarynyň, däp-dessurlarynyň, ahlak ýörelgeleriniň ösüş we özgeriş taryhynda möhüm hyzmaty ýerine ýetiripdir. Gadymy hytaý, grek, arap syýahatçylary, alymlary biziň ýurdumyza gelende, ata-babalarymyzyň ýaşaýşy, gylyk-häsiýetleri, ahlak ýörelgeleri bilen tanşyp, olara ýokary baha beripdirler. Mertligiň, gahrymançylygyň, watançylygyň, agzybirligiň höküm sürýän ýurdunda bedewe aýratyn sarpa goýulýandygyny guwanç bilen belläpdirler. Bedewiň durmuşda, söweşde bitirýän hyzmatynyň uludygy barada halky kyssalarda, dessanlarda çeper beýan edilipdir. Olar dilden-dile geçirilip, biziň bagtyýar döwrümize gelip ýetipdir.

Milli mirasymyza sarpa

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ilkinji Zenanlar guramasy ýokary okuw mekdebiň talyp gyzlarynyň Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenjini gurady. Bu çäre Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde milli gymmatlyklarymyza goýulýan belent sarpanyň beýanyna öwrüldi. Milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak we wagyz etmek ugrundaky beýik işler asyrlaryň dowamynda halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen şol ajaýyplyklaryň ähmiýetinden habar berýär. ÝUNESKO-nyň

Futbol täzelikleri

Ýakynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 23-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Bu tapgyrda myhmançylykda «Aşgabat» bilen duşuşan ýaryş tertibiniň öňbaşçysy «Arkadag» topary nobatdaky ýeňşini gazandy. Arkadag şäheriniň adybir topary garşydaşyndan 3:0 hasabynda üstün çykdy.

Baýramçylyk sowgady

Türkmen türgeni Kaýumberdi Döwletowyň «Submission Fighting World Federation» diýen at bilen uly meşhurlyk gazanan guramanyň Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekinde grepling boýunça geçiren ýaryşynda gazanan üstünligi Watanymyzda ussat türgenleriň täze nesliniň kemala gelýändiginiň görkezijisine öwrüldi. «Federasiýanyň Kubogy» ady bilen degişli federasiýalaryň türgenleriniň arasynda ýaýbaňlandyrylýan ýaryş ildeşimiz üçin diýseň düşümli boldy. Zehinli türkmen ýigidi altyn medallaryň ikisini gazanmagyň hötdesinden geldi.  Kaýumberdi 83 kilogram agram derejesinde geçiren tutluşyklarynda hytaýly türgenden başga-da, Indoneziýadan we Hytaý Taýpeýinden bolan garşydaşlaryny ynamly ýeňdi. Bu üstünlikler ussat pälwany hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykardy. Onuň ikinji altyn medaly bolsa çäksiz agramdaky ýaryşa degişlidir. Bu gezek ol hytaýly türgenleri ýeňlişe sezewar etdi.

Saý­la­ma ýa­ryş­lar

13 – 15-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da 2008-nji ýyl­da dog­lan we on­dan ki­çi ýaş­ly tür­gen­le­riň ara­syn­da bas­ket­bol bo­ýun­ça Aş­ga­bat şä­he­ri­niň saý­la­ma ýa­ry­şy ge­çi­ril­di. «Aş­ga­bat» kö­pu­gur­ly sta­dio­nyn­da do­wam eden bäs­le­şik­de sport mek­de­bi­mi­ziň tür­gen­le­rin­den dü­zü­len «Aş­ga­bat 1» to­pa­ry ýe­ňiş ga­zan­dy. «Olimp» or­ta sport mek­de­bi­niň to­pa­ry 2-nji, Ýaş olim­pi­ýa­çy­la­ry taý­ýar­la­ýyş mek­de­bi­niň to­pa­ry 3-nji orun­la­ry eýe­le­di­ler. Ýa­ryş­da Ali Haý­da­row, Wla­di­mir Lew­sow, Gul­da­wud Ali­ýew, Sü­leý­man Ga­za­kow, Gar­ry­baý Ýe­gen­my­ra­dow, Ýa­kup Ymam­gu­ly­ýew ýa­ly oýun­çy­lar aý­ra­tyn ta­pa­wut­lan­dy­lar.

Bedenterbiýe we sport

Spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak­da her bir ada­ma nus­ga­lyk gö­rel­de bol­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ta­gal­la­sy bi­len ýur­du­myz­da ra­ýat­la­ryň we jem­gy­ýe­tiň sag­dyn­ly­gy­ny go­ra­ma­gyň, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni da­ba­ra­lan­dyr­ma­gyň berk bin­ýa­dy ber­ka­rar edil­di. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da sport iş­jeň­li­gi­ni hö­wes­len­dir­mek, sag­dyn jem­gy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek ba­bat­da­ky giň ge­rim­li iş­ler Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da my­na­syp do­wam et­di­ril­ýär. Biz hem sport mek­de­bi­miz­de ge­çi­ril­ýän tür­gen­le­şik­le­ri­miz­de ýur­du­myz­da wa­gyz edil­ýän be­den­ter­bi­ýe we sport sy­ýa­sa­tyn­dan ugur al­ýa­rys. Bu gün ýaş­lar spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len köp­çü­lik­le­ýin meş­gul­la­nyp, ge­çi­ril­ýän mil­li we hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da şow­ly çy­kyş edip, öz­le­ri ba­ra­da­ky ala­da my­na­syp jo­gap ber­ýär­ler. Bu bol­sa äh­li­miz üçin gu­wan­dy­ry­jy­dyr.

Sagdyn durmuşa sarpa

Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan ajaýyp zamanasy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen döwletiň, jemgyýetiň mähriban halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak ýakymly wakalara beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sentýabrynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçiriler. Oňa il sylagly ýaşulular, mährem eneler hem ýaşlar gatnaşarlar. Ýaşlar — biziň geljegimiz. Biziň ýokary okuw mekdebimiziň bagtyýar talyp ýaşlary hem bilimler dünýäsine çuňňur aralaşmak bilen, baş baýramymyzy özboluşly sowgatly garşylaýarlar.

Baýrama bagyşlanan bäsleşik

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär tehniki okuw mekdebiniň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap geňeşi bilen bilelikde guramagynda talyp ýaşlaryň arasynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli sportuň birnäçe görnüşi boýunça bäsleşikler geçirildi.  Bäsleşikler çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Esasan hem sportuň şaşka görnüşi boýunça guralan bäsleşik talyplaryň köpsanlysyny özünde jemledi. Onuň jemi boýunça baş baýraga okuw mekdebimiziň 1-nji ýyl talyby Şatlyk Nazarow mynasyp boldy. Ikinji, üçünji orunlary okuw mekdebimizde bilim alýan Aýnur Agaýewa bilen Aksoltan Ataýewa eýelediler. Bäsleşigiň ahyrynda guralan dabarada ýeňijiler guramaçylar tarapyndan taýýarlanan sowgatlar bilen sylaglandylar.

Ýollarymyz rowan – geljegimiz dowam

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» diýen şygar bilen ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň geçirilmegi, ilkinji nobatda, eziz Diýarymyzyň bagtyýar raýatlarynyň saglygyny gorap saklamak bilen baglanyşykly asylly maksatdan ugur alýar. Ýol hereketiniň howpsuzlygy barada düşündiriş işlerini geçirmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Bu biraýlygyň geçirilmegi aýratyn mana eýedir. Şu döwürde birnäçe sport çäreleri, welosiped ýaryşlary, esasan-da, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde düşündiriş işleriniň alnyp barylmagy öz oňyn netijelerini berýär. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri bilen bilelikde geçirilýän çärelerde ýol hereketiniň kadalary barada giňişleýin durlup geçilýär.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Golaýda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumy bilen bilelikde guramagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ak ýollarymyzyň abatlygy ugrunda durmuşa geçirýän beýik işler uly buýsanç bilen bellenildi.  Munuň özi Watanymyzda iň uly baýlyk hasaplanýan ynsan hakyndaky aladanyň ilkinji orunda durýandygyny tassyklaýar. Wagyz-nesihat duşuşygynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri Abadan Berdiýewa, Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň 4-nji bölüminiň uly gözegçisi, polisiýanyň maýory Juma Pygyýew dagy çykyş edip, ýol hereketiniň düzgünleriniň berk berjaý edilmelidigini, munuň saglyk hakyndaky aladanyň möhüm bölegidigini nygtady. Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Hanaly Baýramowyň, Saglygy goraýyş işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy Parahat Kakajaýewiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Baýmyrat Döwletgeldiýewiň täsirli söhbeti bu ýerde edilen çykyşlaryň üstüni ýetirdi.

Parahatçylygyň we dostlugyň rowaçlanmagy

Gahryman Arkadagymyzyň: «Biz döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde türkmen sportuny dünýä derejesinde ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlugy rowaçlandyrýan sport diplomatiýasyna aýratyn uly ähmiýet berýäris» diýen dürdäne sözleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň kalplara nur çaýýan ajaýyp hakykatydygyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 8-nji sentýabrynda bolup geçen taryhy wakanyň mysalynda ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik. Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. ...Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Hormat garawuly nyzama düzüldi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Gahryman Arkadagymyza gül desseleri gowşuryldy.

Şöhrata beslenen ýyllar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurmak, döretmek, sagdyn, eşretli durmuşyň hözirini görmek bagtyna eýe bolan zähmetsöýer halkymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly senesini uly üstünlikler bilen garşy alýar. Taryhy jähetden alanyňda, örän gysga döwür bolan 33 ýylyň içinde asyrlara barabar beýik işler, taryhy özgertmeler amala aşyrylan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşleriň, üstünlikleriň täze belentliklerini nazarlaýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk ulgamynyň hem döwrebap derejede kämilleşdirilýändigini bellemek gerek. Çünki berkarar döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşynda ýaýbaňlandyrylýan demokratik özgertmeler, pudaklarda uly ösüşleriň gazanylmagy milli kanunçylyk binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Şol esasdan, raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny doly berjaý etmek maksatlaryndan ugur alnyp öňe sürülýän başlangyçlar uly üstünlikler bilen durmuşa geçirilýär. Şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, ähli ulgamlaryň ösüşli ýoluny öňküdenem pugtalandyrmak bilen bagly meseleleriň çözülmegine aýratyn uly üns berilýär.

Astanadaky üstünlik

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde dünýäniň 91 döwletinden 3 müňe golaý türgeni bir ýere jemlän Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy türgenlerimizi täze ýeňişleri gazanyp, Watanymyzyň Döwlet baýdagyny belentde parlatmaga ruhlandyrdy. Türkmenistanly türgenler, esasan, kuraş we alyş göreşi boýunça geçirilen ýaryşlarda tapawutlandylar. Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Annagurban Allaberdiýew Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynda alyş göreşi boýunça 90 kilogram agram derejesinde çykyş edip, altyn medala mynasyp boldy. Ildeşimiz öz agram derejesinde dünýäniň 19 döwletinden gelen garşydaşlary bilen güýç synanyşyp, aýgytlaýjy duşuşykda özbegistanly türgeni ýeňdi we altyn medala eýe boldy.