Sport we bedenterbiýe

29 Dekabr 2023
303

Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçen karatedo boýunça çagalaryň arasynda geçirilen Merkezi Aziýanyň çempionaty türkmen türgenleri üçin diýseň düşümli boldy. Çempionatda 307 türgen çykyş etdi.

Türkmenistanyň ýygyndy topary çagalaryň arasyndaky Merkezi Aziýanyň çempionatynda 10 medala mynasyp boldy. Olardan Alina Ýewdokimowa, Medine Gaýlyýewa we Öwezmyrat Sapardurdyýew dagy altyn medallary eýelediler. Baýramgeldi Atadurdyýew we Aýşa Ilgeldiýewa kümüş medala eýe boldy. Rahat Ataýew, Gunça Tagansähedowa, Aleksandra Guzina, Kyýasgeldi Ýazmyradow we Alymuhammet Kakalyýew bolsa bürünç medal gazanmagy başardylar.