Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

11 Iýun 2024
250

Aşgabat, 10-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Beýleki habarlar