"Nebit-gaz" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmengaz" döwlet konserni
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 56-njy jaýy
Telefon belgileri:44-08-50

Habarlar

Uzak möhletleýin döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrylar

Mälim bolşy ýaly, 18-nji dekabrda döwlet Baştutanymyz resmi sapar bilen Malaýziýa bardy. Bu sapara ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açýan tapgyr hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan, Türkmenistan Malaýziýa bilen däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Şunda söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklar oňyn ösüş depgini bilen häsiýetlendirilýär. Sebitiň okgunly ösýän döwletleriniň hataryna girýän Malaýziýa Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. 19-njy dekabrda Malaýziýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda gepleşikler geçirildi.

«Mawy ýangyç» bökdençsiz ugradylýar

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli energetika syýasaty esasynda döwletimiziň gazçylary ýurdumyzda tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, öndürilýän «mawy ýangyjyň» içerki hem daşarky sarp edijilere bökdençsiz, ygtybarly akdyrylmagyny üpjün etmek üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Döwletimiz tarapyndan «Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylarynyň öňlerinde goýulýan bu möhüm wezipäniň üstünlikli berjaý edilmegine «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň iň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Şatlyk» gaz gysyjy desgasynyň hünärmenleridir işçilerem öz mynasyp goşandyny goşýarlar.

Baýlyk gory artdyrylýar

Gymmatly tebigy baýlygymyzy gazyp almak bilen birlikde onuň gorlarynyň üstüni doldurmak işleri üstünlikli dowam edýär. Bu möhüm işe ruhubelentlik bilen gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýanlaryň hatarynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň başarjaň hünärmenleri hem bar. Baýlyk agtaryjylaryň iş gerimi örän giň. Olar ýurdumyzyň günbatar sebitinde hem gözleg-buraw işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Ýeriň çuňluklaryny burawlap, baýlygymyza baýlyk goşýanlaryň bir toparyna Magtym Mahmudow başarjaňlyk bilen ýolbaşçylyk edýär. — Golaýda Goturdepe käninde 1 müň 907-nji gözleg guýusyny burawlamagy üstünlikli tamamladyk. Şonda agzybir işgärlerimiz tarapyndan 3 müň 975 metr çuňluk burawlandy. Häzirki günlerde degişli hünärmenler işleriň tamamlaýjy tapgyryny ýerine ýetirýärler. Biz bu guýudan hem çig nebitiň senagat akymynyň alynmagyna garaşýarys — diýip, buraw ussasy Magtym Mahmudow gürrüň berýär.

Ylmy-usuly maslahat geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda ylmy-usuly maslahat geçirildi. Nebitgaz toplumynyň arhiw işlerine usuly kömek bermek maksadynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwi bilen bilelikde guran maslahatyna degişli toplumyň arhiwleriniň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwiniň pudaklaýyn arhiwler bölüminiň müdiri Azymmuhammet Ataýew, baş hünärmeni Anna Şabalina, uly ylmy işgäri Jennet Annaçaryýewa, «Türkmengaz» döwlet konserniniň arhiw müdiri Laçyn Ýarmämmedowa, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň arhiwiniň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji Oguljemal Gylyçdurdyýewa dagy çykyş etdi.

Guýulary özleşdirmegiň usullary

Nebitgaz senagatynda çendenaşa pes gatlak basyş we ýokary gatlak temperatura şertlerinde guýular burawlanandan we guýularda düýpli bejeriş işleri geçirilenden soň, önümli öýjüklik giňişliginiň hapalanan ýagdaýlarynda çuň gatlaklardan gazyň akymyny çagyrmakda we guýulary özleşdirmekde päsgelçilikler ýüze çykyp bilýär. Häzirki wagtda bu ýagdaýda guýulary özleşdirmegiň birnäçe usullary bar. Şeýle usullaryň biri ýokary basyşly kompressoryň ýa-da ýokary basyşly gazyň kömegi bilen suwuklygyň dykyzlygyny peseltmek we guýudan suwuklygy çykarmak boýunça guýulary özleşdirmek bolup durýar. Bu usulyň esasy kemçilikleriniň biri guýulary özleşdirmekde onuň netijeliliginiň pesligidir. Bu usuly diňe çuň bolmadyk guýularda ulanmak bolýar.

Aýdym-saz äleminiň parlak ýyldyzy

«Haýsy ýurtda aýdym-sazyň sesi belentden ýaňlanýan bolsa, şol ýurduň halky bagtyýardyr» diýlen aýtgy hut biziň ata Watanymyz, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hakynda aýdylan ýaly. Çar ýanda ýaňlanýan aýdym-sazyň owazy abadan durmuşymyzyň waspyny giň jahana ýaýyp, göwünlerimize galkynyş, ýüreklerimize joşgun eçilýär. Ynsanyň sungata, edebiýata imrinmesi owalbaşda ruhunyň belentligi, şahsyýetiniň kämildigi hem-de öz durmuşyndan göwnühoşdugy bilen berk baglydyr. Çünki ylham diňe şeýle ajaýyp ahwally adamlara hemişelik hemra bolýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen ýurdumyzda ýylyň-ýylyna geçirilýän döwlet derejeli döredijilik bäsleşikleri hem özboluşly ukyba eýe, aýratyn başarnykly, sungaty özüne ykbal saýlan täze-täze zehinleri ýüze çykarmakda edilýän tagallalardan gözbaş alýar. Onuň netijesinde bu gün milli aýdym-saz medeniýetimiz döwrebap öwüşginler bilen baýlaşyp, uly sahnalarda, şeýle-de dünýä derejeli dabaralarda diňlenmäge mynasyp sungat eserleri döreýär.

Aşgabat Täze ýyl baýramyny şatlyk bilen garşylaýar

Geçen hepdede ýurdumyzyň Baş arçasynyň dürli yşyklarda ýalkym saçmagy bilen paýtagtymyz Aşgabadyň gözel keşbi öňküdenem nurlandy. Şu günler baş şäherimiziň agşamy hasam owadan. Hemmeler üçin ýakymly Täze ýyl baýramynyň dabaralaryna özboluşly badalga berlensoň, Baş arçamyzyň töweregi paýtagtlylaryň we onuň myhmanlarynyň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Baş arçanyň yşyklaryny ýakmak dabarasyny her ýyl «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirmek asylly däplerimiziň biridir. Bu ýerde giň gerimli dabaralar ýaýbaňlandyrylýar. Sekizburçly ýyldyz we «2025» ýazgy bilen bezelen, dürli öwüşgindäki yşyklarda ak mermerli Aşgabada nur saçýan Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deňdir.

Aýazbaba hökman geler, oglum!

(Hekaýa) Oglanjyk ir bilen ukudan oýandy-da, otagynyň töründe bezelgi duran arçanyň ýanyna baryp töweregine seretdi. Eglip bir bölek kagyzy aldy-da: «Aýazbaba meniň ýazan hatymy okamandyr-a» diýip, başyny aşak saldy. Birdenem:

Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýalkym saçdy

15-nji dekabrda ýurdumyzyň Baş arçasy şadyýan aýdymlaryň, ajaýyp sazlaryň owazynyň astynda we ýaşajyk türkmenistanlylaryň ýerine ýetiren tansly kompozisiýalary bilen dürli yşyklarda ýalkym saçdy. Munuň özi uzak garaşylan, hemmeler üçin ýakymly Täze ýyl baýramynyň dabaralaryna özboluşly badalga boldy. Baş arçanyň yşyklaryny ýakmak dabarasy her ýyl «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilýär. Bu ýerde asylly däbe görä, giň gerimli dabaralar ýaýbaňlandyrylýar. Sekizburçly ýyldyz we «2025» ýazgy bilen bezelen, köp sanly kümüşsöw garjagazlarda, dürli öwüşgindäki yşyklarda ýalkym saçýan Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deňdir.

Nebitgazçylaryň baýramy giň gerimde bellenildi

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda nebitgaz pudagynda ýetilen sepgitler» atly dabaraly baýramçylyk maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen maslahata degişli toplumyň ýolbaşçylary, edara-kärhanalarynyň işgärleri we hünärmenleri gatnaşdylar. Ilki bilen, B.Amanow Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagyny okady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyndaky: «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan öz tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, sebit we dünýä halklarynyň abadan durmuşyny üpjün etmäge hem gönükdirmäge çalyşýar. Pudagyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, köpugurly turbageçirijiler ulgamyny döretmek döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýen sözleri çärä gatnaşyjylarda ýokary ruhubelentlik duýgusyny oýardy.

Nebitgazçylar döwlet sylagyna mynasyp boldular

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýewe, Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewe, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanowa, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýewe hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Abatlaýyş-sazlaýyş we elektrogurnama müdirliginiň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy Baýramsoltan Gurbanowa, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli artist-wokalisti Kakageldi Hommadowa, Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Bägül Ataýewa döwlet sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Dabaraly çärede Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, döwlet sylagyna mynasyp bolan ýolbaşçylar, zähmetsöýer hünärmenler Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň uly dabara bilen bellenil

Ylmy-amaly maslahat geçirildi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Nebitgaz senagaty we ylymlar dünýäsi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa mekdebimiziň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Ylmy-amaly maslahatda mugallymlar çykyş edip, ýurdumyzyň nebitgaz senagaty we geologiýa babatda alnyp barylýan işler, täze mümkinçilikler we ýetilen sepgitler barada nygtalyp geçildi. Bu maslahat dürli pudaklardaky we ulgamlardaky özara gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga, nebitgaz ykdysady hyzmatdaşlygyň köp ugurlary boýunça gazanylan tejribeleri paýlaşmaga ýardam berdi. Maslahatyň dowamynda öňe sürlen teklipler we pikir alyşmalar oňa gatnaşyjylarda gyzyklanma döretdi.

Ylmy seljermeleriň önümçilige oňyn täsiri

«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Nebitgaz pudagynda ylmy-barlag işleriniň orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. YBTGI-niň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýeti, hormatly Prezidentimiziň parahatçylyga, ýurt abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginde ykrar edilişi, nebitgaz senagatynyň milli ykdysadyýetde tutýan möhüm orny, häzirki wagtda Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda alnyp barylýan ylmy işler, toplumyň pudaklarynyň täze tehnologiýalar, enjamlar bilen yzygider üpjün edilişi, ylmyň soňky gazananlarynyň, şol sanda ylmy seljermeleriň önümçilige ýetirýän oňyn täsiri barada çykyşlar diňlenildi. Maslahatyň dowamynda ýaş alymlar, ylmy işgärler özleriniň alyp barýan ylmy seljermelerini kärdeşleri bilen paýlaşdylar we özara pikir alyşdylar. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen dabaraly çäräniň barşynda zähmet üstünlikleri bilen tapawutlanýan göreldeli işgärleriň birnäçesine guramaçylar tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Dünýä derejesinde sarpaly golýazmalar

Magtymguly Pyragynyň döredijiligini düýpli öwrenmek, onuň paýhas siňen şygryýet älemini külli adamzada dolulygyna elýeterli etmek babatda alnyp barylýan işler türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp işleri hem-de çäksiz aladalary bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň hiç wagt gymmaty egsilmejek dürdänesi kimin eserlerini bütin dünýä wagyz etmek işleriniň yzygiderli dowam etdirilmegi babatda giň mümkinçilikleri döredip berýär. Alnyp barylýan işler, geçirilýän çäreler halklaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Türkmen halkynyň akyldary Pyragynyň arzuwlan zamanasy gelip ýetdi. Golýazmalar hazynamyzda beýik Magtymgulynyň 400-e golaý golýazmasy bar. Ol 1779-njy ýylda göçürilipdir. Soňky geçirilen takyk barlaglara we hasaplamalara görä, akyldar şahyrymyz Pyragynyň diňe Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hazynasynda saklanýan diwanlarynyň sany 80-e golaýlaýar.

Kitaplaryň göwheri

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda neşir edilen «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyny Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň rektory Baýrammyrat Atamanow açyp, täze şadiwanyň ähmiýeti barada durup geçdi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy, döredijilik mirasy hakynda toplan gymmatly maglumatlaryny, paýhas hazynasyny öz içine alýar. Gahryman Arkadagymyz bu eserini döretmekde mundan ozal ýazan we giň okyjylar köpçüligine ýetirilen dürli kitaplaryny, şeýle hem Watanymyzyň at-abraýy üçin gijesini gündiz edip işleýän arheologlarymyzyň täze taryhy tapyndylar esasynda toplan maglumatlaryny, daşary ýurtlardan getirilen golýazmalar esasynda pikir ýöredip boljak täzeçe taryhy garaýyşlary peýdalanandygyny beýan edýär. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny, nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini şöhlelendirýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan bu eser ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadyr, ýolgörkezijidir. Soňra çykyş eden ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary kitabyň girişden we iki bapdan ybarat bolup, onuň «Taryha syýahat» atly birinji babynda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly saklanyp galan taryhy-me

Täze ýyl baýramçylygy adamlara ruhy güýç berýär

Ýurdumyzda toý-baýramlar, şanly seneler, möhüm wakalar biri-biriniň üstüni ýetirip, halkymyzyň parahat, agzybir durmuşynyň hözirini artdyrýar. Geçen hepdede halkymyz Halkara Bitaraplyk gününiň baýramçylygyny giň gerimde belledi. Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hem, asylly däbe görä, Türkmenistanyň şanly seneleriniň birine öwrüldi. Indi bolsa özüniň şatlyk-şowhuny bilen Täze ýyl baýramy barha golaýlap gelýär. Täze ýyly dünýä halklary bilen birlikde, türkmen il-ulsy hem ýylyň-ýylyna zähmet üstünlikleri bilen buýsançly garşylaýar. Bu baýramçylygyň geçirilýän wagtynyň dowamlylygy bilen tapawutlanýanlygyny bellemelidir. Dekabryň ikinji ongünlüginden batly depgin alýan baýramçylyk şowhunly çäreler täze ýylyň başlanmagy bilen hem ençeme gün dowam edýär. Şu döwürde adamlaryň ruhy galkynyp, has şadyýan görünýärler. Hemmeler biri-birine mähir paýlaýar. Şäherleriň özboluşly bezeg aýratynlyklary görküni artdyrýar. Bu döwürde çagalar bilen medeni seýil baglarynda, dynç alyş merkezlerinde, söwda merkezlerinde bolmak has-da ýakymly. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ähli söwda merkezleriniň talabalaýyk işledilmegi, harytlaryň hemme görnüşleriniň, aýratyn-da, azyk harytlarynyň elýeter bahalardan bolçulygynyň döredilmegi halkymyzyň baýramçylyk şatlygyny artdyrýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, energiýa serişdeleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak we olaryň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny giňeltmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler hakynda aýdyldy. Hususan-da, «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan meýilnama 102,3 göterim ýerine ýetirildi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,9 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 106,4 göterim, daşary ýurtlara tebigy gazy ibermegiň meýilnamasy 100,2 göterim ýerine ýetirildi. Şunuň bilen birlikde, dizel ýangyjyny, polipropileni, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak boýunça gazanylan netijeler barada hasabat berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Bitewi suw» sammitindäki çykyşy

Hormatly sammite gatnaşyjylar! Hanymlar we jenaplar!

Milli Liderimiz haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi

7-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisi geçirildi. Oňa müdiriýetiň agzalary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň geçen döwürde ýerine ýetiren işleri, öňde durýan wezipeler barada çykyş etmek üçin, gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarowa söz berdi. Ol, ilki bilen, Milli Liderimizi hem-de hormatly Prezidentimizi ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni, alym Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eseriniň halkymyza gowuşmagy bilen gutlady.

Nebitgaz toplumynda on bir aýyň jemlerine garaldy

7-nji dekabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda ýanwar-noýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işgärlerine uly ynam bildirmek bilen, ulgamyň işini kämilleşdirmekde we döwrüň gazananlary esasynda yzygiderli ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýändigini, onuň durnukly we netijeli işini gazanmakda önümçilik kuwwatlyklarynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny, kämil tehnikalaryň we enjamlaryň, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny, şonuň netijesinde bolsa pudagyň öňünde belent wezipeleriň kesgitlenendigini belledi.