"Nebit-gaz" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmengaz" döwlet konserni
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 56-njy jaýy
Telefon belgileri:44-08-50

Habarlar

Nebitgaz guýularyny kislota bilen işläp bejermek

Häzirki wagtda işlenip geçilýän nebitgaz känleriniň ulanyş guýularyndan çykarylýan önümleriň mukdaryny uzak möhletleýin ýokarlandyrmak üçin täze, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak zerurdyr. Bu işler ylmy taýdan esaslandyrylyp, önümçilige ornaşdyrylanda, has-da ýokary netijeleri gazanmak bolar. Dykyz, pes syzdyryjylykly geçirijilerde guýynyň düýp çuňlugyna nebitgazyň akymy basyşlaryň uly aratapawudyna (uly depressiýa) garamazdan, käwagt örän az bolýar. Gysyp ýygnaýjy guýular şeýle geçirijilerde uly gysyp ýygnama basyşynda hem suwy örän haýal kabul edýär. Şeýle guýularda akymy ýa-da kabul edijiligi ýeňletmek üçin olaryň geçirijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen düýp çuňluk zolagyň dag jynslaryna emeli täsir etmeklik ulanylýar. Bu ýagdaýda ganaw (drenaž) kanallaryň sany we ölçegleri, dag jynslarynyň jaýryklary emeli taýdan ulaldylýar, şeýle hem öýjükli kanallaryň diwarynda çöken şepbik, parafin emele gelmeler aýrylýar. Düýp çuňluk zolaklara täsir ediş häsiýetleri boýunça onuň geçirijiligini ýokarlandyrmagyň usullaryny üç sany esasy topara bölmek bolar: mehaniki, himiki we ýylylyk usullary. Has-da oňat netijeleri almak üçin, köplenç, bu usullar biri-biri bilen utgaşdyrylyp ýa-da olar yzygiderli ulanylýar.

Tebigy gaz eşret berýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Mary welaýatynyň merkezi Mary şäherinde-de ilatyň sany artyp, täze ilatly ýerler emele gelýär. Munuň özi ilaty tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin täze gaz geçirijilerini gurmak, ozalky hereket edýän gaz geçirijileriň durkuny täzelemek wezipesini öňde goýýar. «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň iri kärhanasy bolan «Maryşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň işgärleri öz işlerini şu günüň talaplaryna laýyk gurap, welaýat merkezinde bar bolan kyrk bir müň bir ýüz segsene golaý hojalygyň her birini ýylyň bütin dowamynda döwletimiziň halkymyza berýän eşreti — tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edýärler. Olar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň başyndan bäri geçen döwürde şäheriň ýaşaýyş jaý toplumlarynda, Milli maksatnama laýyklykda, umumy uzynlygy dokuz ýüz metr bolan ýokary, orta hem-de pes basyşly täze gaz geçirijilerini gurup ulanmaga berdiler.

Nebit senagatynda işler talabalaýyk amala aşyrylýar

Türkmenistan dünýäde nebitiň we gazyň gorlary boýunça öňdäki orunlaryň birini eýelemek bilen, biziň ähli sebitlerimiz diýen ýaly gazylyp alynýan tebigy baýlyklara baýdyr. Bu babatda günbatar sebitimiz «gara altynyň» gory boýunça aýratyn tapawutlanýar. Şol sanda, nebit ölçeginde Hazaryň türkmen bölegine degişli kenar ýakasynda hem uglewodorodlaryň uly gorlary jemlenendir. Gazylyp çykarylýan uglewodorod çig malynyň möçberini artdyrmak «Türkmennebit» döwlet konserniniň öňünde goýlan esasy wezipeleriň biridir. Konsern ýataklaryň otuzdan gowragynda nebit işlerini geçirip, olar dürli tapgyrlarda alnyp barylýar. Şol ýataklaryň ýokary netijeli işlenip taýýarlanylmagy olaryň geologiýa gurluşynyň aýratynlyklaryny doly nazara almak bilen şertlendirilýär. Bu wezipeleri çözmek üçin konsern işiniň ähli ugurlary boýunça täze tehnologiýalary we ýokary netijeli enjamlary giňden ornaşdyrmak bilen, önümçiligi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrýar. Konsern guýulary düýpli abatlamak, ýataklaryň önüm berijiligini artdyrmak, döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek we önümçiligi awtomatlaşdyrmak ýaly ugurlarda kompaniýalar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.

Hünärmenleriň ygtybarly işleri

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryny özünde jemleýän ýangyç-energetika toplumynda bu gün döwrebap işler amala aşyrylýar. Bu ugurda «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» trestine degişli bolan Abatlaýyş-mehaniki zawodynda hem öwgä mynasyp işler bitirilýär. Öz işine ussat hünärmenlerimiz geologiýa-gözleg işlerinde hem-de uglewodorod çig mallaryny çykarmakda peýdalanylýan buraw desgalaryny, gurallardyr enjamlary, dürli kuwwatlyklardaky nasoslary abatlap, olara «ikinji ömri» bermegi başarýarlar. Kärhanamyzda ýokary hil derejesinde taýýarlanylýan rezin önümleriň görnüşleriniň sany 600-e golaýlaýar. Zerur bolan çig maly öz ýerinde gaýtadan işlemekden başlap, şeýle köp görnüşli rezin önümlerini taýýarlaýan önümhana bolsa, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň hiç bir pudagynda ýokdur. Diýarymyzda nebitgaz toplumy boýunça geçirilýän halkara derejesindäki sergilerde daşary ýurtly ugurdaş düzümleriň hünärmenleri kärhanamyzda taýýarlanýan dürli görnüşli ätiýaçlyk şaýlara hemişe ýokary baha berýärler.

Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Golaýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütlere bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Şeýle-de duşuşygyň dowamynda gyş paslynyň golaýlap gelmegi bilen, Aşgabat şäheriniň çäginde ministrlikleriň garamagyndaky edara-kärhanalarda hem-de ýaşaýyş jaýlarynda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, elektrik toguny, suwy we tebigy gazy rejeli peýdalanmak boýunça howpsuzlyk düzgünleriniň dogry berjaý edilişini gözegçilikde saklamak, jemagat hyzmatlarynda sanly hyzmatlar portaly we sanly şäher mobil goşundysyny ulanmak ýaly meselelere aýratyn üns berildi. Duşuşyga edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

Duýguly dünýäniň gapysyn açyp

Altyn güýzüm, duýgular dünýäsine atarýan pasyl! Sen tyllaýy şöhläňi sepeläp, asyrlar aşyp duran älemiň bezegi, pasyllaryň seresi bolup, rehnet nuruňy bolluk bilen eçilip geldiň. Zerbap güýzüň goýnunda altyn monjuk ýaly düzülen ýakymly ýatlamalara berlip oturyşyňa, duýgular dünýäsine seýrana çykýarsyň. Sen ynsan duýgularyny açyp, duýguly dünýämizi joşduryp, ülkämizde öz hökümiňi ýöredýärsiň. Altyn güýzüň ynsana edýän täsiri başgaça. Güýz durşuna ylham güzeri. Köňül güzeriň joşup, möwç alýan döwri bu. Bu gözel pasly şahyr Gurbannazar Ezizow şygrynda şeýle wasp edýär:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky BRICS sammitindäki ÇYKYŞY

(Kazan şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji oktýabry) Hormatly döwlet Baştutanlary,Hanymlar we jenaplar!

BRICS-iň çäklerinde täze gurallary işläp taýýarlamaga umumy gyzyklanma bildirildi

23-24-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda iş saparynda boldy we onuň çäklerinde Kazan şäherinde geçirilen «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. «Kazan Ekspo» halkara sergiler merkezinde geçirilen sammitiň plenar mejlisine daşary ýurtlaryň 30-dan gowragynyň wekiliýet Baştutanlary, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ŞHG-niň, GDA-nyň ýolbaşçylary, şeýle hem Täze ösüş bankynyň prezidenti gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

25-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Mejlise türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Mejlisiň başynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Siziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalara beslenýän günlerinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyňyzyň üstünlikli amala aşyrylmagy, şeýle hem saparyň dowamynda Size Tatarystan Respublikasynyň «Duslyk» ordeniniň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerinden ugur alýan daşary syýasatyňyzyň mundan beýläk hem üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllyk baýramyna barýan günlerimizde Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar — Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyňyzyň mundan beýläk hem üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara forumy üstünlikli geçirildi

23 — 25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahat we sergi (OGT 2024) däbe öwrülen görnüşde, şeýle hem onlaýn düzgünde geçirilip, dünýäniň onlarça ýurtlarynda görkezildi. Dünýäniň 50-den gowrak ýurtlarynyň wekilleriniň 830-dan gowragyny birleşdiren forum «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraldy.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara forumyna gatnaşyjylara söz berýäris

«Sino Petroleum Technology inc» (SPT) hytaý kompaniýasynyň direktorynyň orunbasary Gen Ten Ten: — Biziň kompaniýamyz Aşgabatda her ýyl geçirilýän halkara nebitgaz forumyna yzygiderli gatnaşýar. Şu gezek geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahat we sergi oňa gatnaşanlaryň sany bilen tapawutlandy, munuň özi ýurduň möhüm pudagyny ösdürmäge täze itergi berýän giň gerimli çärä bolan gyzyklanmanyň artýandygyna şaýatlyk edýär.

Netijeli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ykdysady kuwwaty barha ýokarlanýar. Dünýäniň ykdysady durnuklylygyna we adamzadyň parahat ýaşamagyna, milli ykdysadyýetleriň has-da pugtalanmagynda nebitgaz senagatynyň ösüşi uly ähmiýete eýe bolýar. Nebitgaz senagatynyň giň gerimler bilen ösdürilmegi we halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagy üçin döwlet derejesinde birnäçe işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda döwletimiz tebigy baýlyklary bilen dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny düýpgöter özgertmek maksady bilen pudaga döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Şunda häzirki zaman maglumat giňişligini döretmek bilen bagly wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellemelidir.

Türkmen alabaý iti

Alabaýlaryň şekiljikleri we heýkeljikleri antik we orta asyr eýýamynyň harabaçylyklarynda-da duş gelýär. 1982-nji ýylda Amyderýanyň golaýynda gazuw-agtaryş işleri geçirilende b.e.öň IV we II asyrlarda ýasalan alabaý itiniň şekilleri tapylypdyr. Alabaý iti kiçiliginden eýesini goramaga, ýagny sakçylyga ukyply bolupdyr. Türkmen alabaýlary niýetlenişi boýunça möjekçi, goýunçy, sakçy ýaly toparlara bölünýär. Osoawiahim guramasynyň gulluk itçilik komitetiniň başlygy W.L.Waýsman tarapyndan 1931-nji ýylda düzülen alabaýlaryň birinji standarty has bellärliklidir, ol alabaýyň beden gurluşyny iki görnüşe bölýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

18-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow şu ýylyň 23 — 25-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Ertir paýtagtymyzda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlaýar

23 — 25-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly ХХIХ halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny innowasion taýdan ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Şunda halkara maslahatlarynyň we sergileriň geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Nobatdaky halkara forumda nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, geologiýa, geofizika we seýsmiki barlaglar, nebiti we gazy çykarmak, daşamak, gaýtadan işlemek, nebitgaz desgalaryny gurmak babatda öňdebaryjy taslamalar, ulaglar we enjamlar, nebiti we gazy çykarmakda we gaýtadan işlemekde, himiýa senagatynda işleri awtomatlaşdyrmak, gözegçilik etmek, ölçemek boýunça sergi diwarlyklary gurnalar.

Guwandyryjy netijeler gazanylýar

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň ýerlerdäki gaz hojalyk edaralarynyň işçi-hünärmenleri demirgazyk welaýatyň obadyr şäherlerinde hereket edýän dürli basyşly gaz geçirijileri we gaz desgalaryny güýz-gyş möwsümine taýýarlamak ugrunda maksada okgunly işleri alyp barýarlar. Müdirligiň gazçylarynyň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň işgärleri bilen bilelikde gaz desgalarynyň durkuny üýtgetmek we zerur ýerlerini düýpli abatlamak, bitewi gaz ulgamlaryny gyş möwsümine taýýarlamak hem-de täze gurulýan desgalary gazlaşdyrmak ugrunda durmuşa geçirýän işleriniň netijesinde welaýatyň medeni zolakdan uzakda ýerleşýän ilatly obalarynyň ýaşaýjylary hem ýylyň islendik möwsüminde gymmatly «mawy ýangyjyň» eşretli hözirini görmäge doly mümkinçilik alýarlar. Ýeri gelende aýdanymyzda, müdirligiň gazçylarynyň ýokarda ady agzalan Gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň Boldumsaz etrabynda tejribeli ussa we halypa gazçy Myrat Arazowyň ýolbaşçylygynda iş alyp barýan işçi-hünärmenleri tarapyndan ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda hereket edýän milli Maksatnamalara laýyklykda, ilatly ýerleri gazlaşdyrmakda hem-de öň bar bolan gaz ulgamlarynyň durkuny üýtgetmek we doly abatlamak işlerinde müňlerçe manatlyk düýpli maýa goýumlary özleşdirildi. Netijede, ýylyň başyndan bäri olaryň birleşen taga

Nebitgaz senagatynyň möhüm wezipeleri

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumy hem-de energetika pudagy döwrebap ösdürilýär, olara sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar. Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň wakalary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli tutumly işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz: «Dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanyp, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi dowam etdirmek, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň sanawyny we eksport edilýän ugurlaryny giňeltmek wajypdyr» diýip, aýratyn belleýär.

Suw üpjünçiliginde bökdençlik bolmaz

«Türkmengaz» döwlet konserniniň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Marygazçykaryş» müdirliginiň gaz känlerinden «mawy ýangyjyň» çykarylmagynda, soňra bolsa sarp edijilere bökdençsiz ugradylmagynda kärhananyň hyzmat ediş ulgamynyň degişli edara-kärhanalarynyň zähmet adamlarynyň hem mynasyp paýy bar. Müdirligiň durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň suw, bug üpjünçilik sehiniň suw beketleriniň işgärleriniň işleri hem bellenilmegine mynasypdyr. Sehiň Garagum derýasynyň sag kenarynda ýerleşýän «Zähmet» suw bekediniň işgärleri müdirligiň Üçajy, «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Malaý gaz känleriniň gazçylaryny ýylyň bütin dowamynda arassa suw bilen ýeterlik möçberde üpjün edýärler. Sarp edijilere ugradylýan arassa suw gaz känleriniň guýularyndan çykarylýan tebigy gazy sowatmak hem-de beýleki önümçilik maksatlary üçin peýdalanylýar.