18-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow şu ýylyň 23 — 25-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.