Bedew bilen ýeňişler rowan
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 28-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Garaşsyzlyk gününiň şanyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary geçirildi. Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän bu toplumda dürli aralyga çapyşyklaryň 7-si geçirildi. Ilkinji üç çapyşykda üçýaşar atlar 1 müň 600 metr aralykda bäsleşdi. Şolardan ikinji çapyşykda üçünji derejeli çapyksuwar Y.Saparow «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Bäherden» atçylyk hojalygyna degişli bolan Gülbahar atly mele aty bilen 1 minut 51,6 sekunt netije görkezip, ynamly ýeňiş gazandy. Şanly Garaşsyzlygymyza bagyşlanyp geçirilen baýramçylyk çapyşygynda gazanylan bu ýeňiş ýurdumyzyň nebitgazçylarynyň ýüreklerini joşduryp, şatlyk-şowhunlaryny has-da artdyrdy. Ussat çapyksuwar Y.Saparow uly toýdan serpaýly bolmagyň, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň hut özüniň tomaşa etmeginde gazanylan ýeňşiň özi üçin uly mertebedigini buýsanç bilen belleýär. Ýaş çapyksuwaryň bellemegine görä, şeýle ajaýyp günler, eşretli durmuş, eziz Diýarymyzyň okgunly ösüşi, ýetilýän sepgitler behişdi bedewlerimiziň tizligi, ýyndamlygy we arassa gylyk-häsiýetleri bilen baglanyşdyrylýar. Şonuň üçin hem bedew bady bilen ösýän-özgerýän Watanymyzda her bir şanly senäniň, toýdur baýramlaryň at çapyşyklary bilen utgaşyp gitmegi örän buýsandyryjydyr. Türkmen aga «At çapmaz, bagt ç