Watanymyzyň nebitgaz pudagynyň ösmegine saldamly goşant goşup, ýaş nesliň bu ugurda kämilleşmegi, olaryň bilim derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda yhlasyny gaýgyrmadyk halypalaryň biri-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň baýry mugallymy Salyhberdi Annaýewdir.
Salyhberdi aga 1942-nji ýylda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Akguýy obasynda dogulýar. Ýedi ýaşyndaka maşgalasy Balkanabat şäherine göçüp gelýär. Şäherdäki 2-nji orta mekdepde ýedi ýyllap bilim alyp, 1957 — 1961-nji ýyllarda häzirki Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde okaýar. 1961-nji ýylda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde operator bolup zähmet ýoluna başlaýar. 1962-nji ýylda Moskwanyň I.M.Gubkin adyndaky Nebithimiýa we gaz senagaty institutynyň agşamky bölümine okuwa girýär. Soňra dürli ýyllarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynda, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde, «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde dürli wezipelerde zähmet çekýär. 2012-nji ýyldan bäri bolsa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň nebitsenagaty bölüminiň nebitsenagat enjamlary kafedrasynyň uly mugallymy bolup zähmet çekdi. uzak ýyllaryň dowamynda toplan tejribesine daýanyp, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillere bilim berdi, olary hünäre ugrukdyrdy. Baýry mugallym ýurdumyzyň nebit senagatyny ösdürmegiň, nebit gorlaryny gözläp tapmagyň, täze önümli gatlaklaryň hem-de känleriň üstüni açmagyň, işlenip geçilýän nebitgazly känleriň özleşdirilişini ýokarlandyrmagyň, nebit önümçiligine sanly ulgamy we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň pudagyň esasy wezipeleriniň biridigini ýaşlara düşündirmegiň hötdesinden geldi. Hünäre höwesli ýaşlaryň nebitgaz ulgamynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekip, pudagyň ösmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna bolsa onuň ynamy örän uly. Uzak ýyllaryň dowamynda dürli hünärlerde we wezipelerde abraý bilen zähmet çeken halypa S.Annaýew ýakynda hormatly dynç alşa çykdy.