"Nebit-gaz" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmengaz" döwlet konserni
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 56-njy jaýy
Telefon belgileri:44-08-50

Habarlar

Türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhyna ýene bir sahypa ýazyldy

Türkmenistanda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň şanyna täze bilim edaralarynyň açylmagy asylly däbe öwrüldi. 1-nji sentýabr — 2024-2025-nji täze okuw ýyly hem ýurdumyzda we dostlukly döwletde möhüm binagärlik desgalarynyň dabaraly açylmagy bilen badalga aldy. Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep ulanmaga berilýän desgalaryň hatarynda aýratyn orun eýeledi. Onuň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly iki döwletiň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon gatnaşdylar. Dabaranyň geçirilýän ýerinde giň gerimli baýramçylyk ýagdaýy emele geldi.

Türkmenistan — Eýran hyzmatdaşlygy iki ýurduň milli bähbitlerine doly laýyk gelýär

28-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Prezident Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi. Tähranyň «Saadabad» toplumynyň «Jumhuri» köşgünde ilki çäkli düzümde geçirilen duşuşygyň dowamynda Masud Pezeşkian türkmen halkynyň Milli Liderine pars diline terjime edilen «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby sowgat berdi.

Garaşsyzlyk — ösüş menzillerine ýetmegiň özeni

Mundan 33 ýyl ozal gadymy türkmen halkynyň erk-islegi amala aşyrylyp, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Konstitusion kanun kabul edildi hem-de Türkmenistan Garaşsyz döwlet diýlip yglan edildi. Öz Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri ýurdumyz ýylsaýyn ösüşlerden-ösüşlere tarap ynamly öňe barýar, durmuş-ykdysady maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, döwlet dolandyryşy kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda yzygiderli amala aşyrylan konstitusion özgertmeler adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramakda, ilatyň dürli gatlaklaryny döwletiň işlerini dolandyrmaga çekmekde möhüm ähmiýete eýedir. Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk senesi türkmen halky üçin uly ähmiýete eýe bolup durýar. Bu gün biz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şan-şöhrata we uly üstünliklere beslenýän döwründe Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen özgertmelere baha bermek bilen, özygtyýarly ösüşiň her gününiň, her aýynyň taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady, medeni wakalara beslenendigini uly ynam bilen aýdyp bileris.

Türkmenistanyň gaz senagaty Garaşsyzlyk ýyllarynda: «Galkynyş» gaz käni — dünýäniň iri gaz ýatagy

Tebigy gaz gorlarynyň möçberi boýunça ägirt uly hasaplanýan «Galkynyş» käninde gurlan gaz arassalaýjy we taýýarlaýjy baş desgalar toplumy 2013-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Dünýäde iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň energetika strategiýasyny amala aşyrmagyň, eksport gaz geçirijileriniň çig mal binýadyny berkitmegiň ýolunda örän möhüm ädim boldy. Bu iri gaz käniniň gorlary Ýaşlar we Garaköl ýataklary bilen bilelikde alnanda, 27 trillion kub metre barabar möçberde kesgitlendi. Mary welaýatynyň günortasynda ýerleşýän bu gaz käni Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň geologlarymyzyň iň uly açyşlarynyň biri boldy. Günorta-Gündogar Türkmenistanyň ýerasty baýlyklarynyň hataryna girýän «Galkynyş» känini meýilnamalaýyn we toplumlaýyn öwrenmek 1956-njy ýylda başlanýar. Ilkinji tapgyrlarda grawimetriki, magnit barlag, aerogammasurat, 1:200 000 möçberdäki geologik we gidrogeologik surata düşürmeler bilen baglanyşykly sebitleýin barlaglaryň uly möçberi ýerine ýetirilýär. Bu barlaglaryň netijesinde çägiň çuňluk geologik gurluşy, neogen-dördülenji, paleogen we mel çökündileriniň litostratigrafik böleklere bölünişi boýunça çägiň nebitgazlylygynyň geljegine umumy häsiýetlerde baha bermäge we nebit we gaz ýataklaryny has jikme-jik

Nebitgaz toplumynda ýylyň ýedi aýynyň jemlerine garaldy

31-nji awgustda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 30-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň geçen ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işini kämilleşdirmekde ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýändigini belledi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna çykarmakda uly ähmiýeti bolan desgalaryň taslamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasyny gurmak hakynda Karara gol çekendigi baradaky hoş habary ýetirdi.

Geofizikleriň gaýratly gadamlary

«Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalary nebitli-gazly ýataklary senagat taýdan işläp taýýarlamakda, uglewodorod çig mallarynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmakda döwrebap işleri amala aşyrýarlar. Bu ugurda konserniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginde mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy belentden toýlanjak «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bitirilýän işler has-da öwgä mynasypdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki görkezmelerine laýyklykda, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň senagat hem-de eksport kuwwatlyklarynyň pugtalandyrylmagyna, täzeçil tehnologiýalary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary önümçilige içgin ornaşdyrmak esasynda pudaklaýyn düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň biridir. Nusgalyk zähmet däplerine baý bolan «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleri hem bu belent wezipeleri durmuşa ornaşdyrmakda tagallalaryny gaýgyrmaýarlar.

Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlygyň strategik ugurlaryna aýratyn ähmiýet berýär

Türkmenistan sebit we ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda, olaryň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Şunda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek meselesi hem bar. Bu möhüm ulgamda hyzmatdaşlyk türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän daşary syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biridir. Daşky gurşawy goramak ulgamy hem Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şunda zyňyndylary azaltmak boýunça uly işler ýerine ýetirilýär. Ekologiýa, tebigaty goramak babatdaky talaplaryň ýerine ýetirilmegi ýurdumyzda iri düzümleýin we şähergurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmegiň esasy şerti bolup durýar. Bu babatda Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gurlan Arkadag şäherini mysal getirmek bolar.

«Arçman» — halkymyzyň saglygyny dikeltmekde möhüm şypahana

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenilýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň şypahana ulgamynyň düzümleriniň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak meseleleri döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar.

Uglewodorod serişdeleriniň emele gelşi

Uglewodorod serişdeleriniň emele gelşi baradaky çaklamalarda olaryň organiki we organiki däl emele gelşi barada aýdylýar. Nebitiň we gazyň organiki emele gelşine esaslanyp, iri nebit-gaz toplanan zolaklary açmakda uly işler edilip gelinýär. Nebitiň genetiki tebigatyny we onuň emele geliş şertlerini öwrenmekligi ylym birnäçe döwre bölýär. 1-si — ylmy garaýyşdan (1546 ý.) öňki döwür. 2-si ylmy çaklamalar döwründe 1759-njy ýylda rus alymy M.W.Lomonosow tarapyndan nebitiň organiki emele gelmesi baradaky pikir aýdyldy. Nebitiň emele gelşi baradaky ylmy çaklamalaryň 3-nji döwri nebit senagatynyň döredilmegi we ösdürilmegi bilen baglydyr. Bu döwürde nebitiň organiki däl (mineral) we organiki emele gelşi barada ençeme çaklamalar peýda boldy.

Türkmenistanyň gaz senagaty Garaşsyzlyk ýyllarynda: ösüşli ýollaryň dowamy

Gaz gorlarynyň möçberi boýunça ägirt uly bolan Döwletabat gazkondensat käni ýer üsti boýunça şertli ýagdaýda Döwletabat-1, Döwletabat-2, Döwletabat-3 böleklere bölünip, örän uly giňişlikleri eýeleýär. Şeýle uly meýdanda ýüzlerçe ulanyş guýularynyň gazylyp, önüm alynmagy milli ykdysadyýetimiziň öňküden-de kuwwatlanmagyna, onuň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz toplumyny döwrebap derejede ösdürmeklige uly mümkinçilikleri döredýär. Şu makala «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Döwletabatgazçykaryş» müdirligine degişli bolan, häzirki wagtda işlenip geçilýän Garabil-Gurrukbil we Merkezi Garagum gazkondensat känler toplumy hakynda maglumatlary özünde jemleýär. Köpgatlakly Gurrukbil gazkondensat käni geologik gurluşy boýunça seýrek duşýan çylşyrymly, gor möçberi boýunça ägirt uly bolan Döwletabat gazkondensat käniniň gündogarynda ýerleşip, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň çägine degişlidir. Döwletabat gazkondensat käninde gaz alnan 68-nji belgili barlag guýusyndan Gurrukbil känine çenli uzaklyk 15 — 20 kilometre, Gurrukbil käniniň gündogar tarapynda açylan Garabil gaz känine çenli bolsa 10 — 15 kilometre barabardyr. Döwletabat gazkondensat käninden gözbaşyny alýan magistral gaz geçiriji käniň 90 kilometr demirgazyk-günbataryndan geçýär. Gurrukbil gazkondensat käni Döwletabat — Hojagübürdek ýarylma-bozulma zolagyna degişli bolan Gurrukbil seňňeriniň merkezi böleginde ýerleşýär.

Guýulara gaýtadan ömür berijiler

Eziz Diýarymyzyň çäklerindäki ýeriň jümmüşinden alynýan uglewodorod çig mallarynyň möçberlerini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri netijeli işleri bitirýärler. Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bu trestiň düzümindäki «Goturdepe», «Barsagelmez» we «Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri boýunça «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen ýedi aýynda goşmaça alnan «gara altynyň» we «mawy ýangyjyň» möçberi, degişlilikde, 106 müň 809 tonna hem-de 53 million 245 müň kub metre barabar boldy. Tutuş trest boýunça gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça alnan nebitiň 32,4 müň tonnadan gowragy «Barsagelmez» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň hünärmenleriniň paýyna düşýär. Netijede, bu müdirlik boýunça geçen ýedi aýda tabşyryga goşmaça alnan nebitiň möçberi 5 müň tonnadan hem geçdi. Has kuwwatly desgalara eýe bolan kärhanada abatlaýyş işleriniň depginini düýpli ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikler bar. Bu mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmagy başarýan barsagelmezli abatlaýjylar şu günler iş depginlerini günsaýyn ýokarlandyrýarlar. Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli hemaýat-goldawlary netijesinde konserniň esasy we ýardam beriş düzümlerine degişli kärhanalaryň ählisi dünýän

Guýyny özleşdirmekde iki fazaly köpürjik usulyny önümçilige ornaşdyrmagyň ähmiýeti

Häzirki wagtda ýurdumyzda işlenip geçilýän iri gazkondensat ýataklarynyň biri bolan Döwletabat gazkondensat käninde çykarylan tebigy gazyň göwrümine baglylykda başlangyç gatlak basyşy ep-esli derejede aşak düşdi. Bu ýagdaý bolsa, öz gezeginde, ulanyş guýularyny özleşdirmekde düýpli meseleleri ýüze çykardy. Pes gatlak şertlerinde guýyny suw ýa-da toýunly ergin bilen basmarlamak guýularyň önüm berijiligini peseldýär. Guýulary özleşdirmek we düýp çuňluk zolagy işlemek üçin köpürjik ulgamyny ulanmak has amatly diýlen netijä gelindi we ežektorly köpürjik generatory ulanmak peýdaly diýlip hasap edildi. EG-1 gaz ežektoryny kämilleşdirmek ýoly bilen gazsuwuklyk ežektory, ýagny ežektorly generator işlenip taýýarlandy. Iki fazaly köpürjik usul Döwletabat gazkondensat ýatagynyň 986-njy, 989-njy, 519-njy belgili ulanyş guýularynda önümçilige ornaşdyrylyp ulanyldy.

Halypa alym geolog

Aksakgal alym Ödek Akjaýewiç Ödekow 1934-nji ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäherinde eneden dogulýar. 1951-nji ýylda Aşgabat şäherindäki 19-njy orta mekdebi üstünlikli tamamlaýar. 1956-njy ýylda Moskwanyň akademik I.M.Gubkin adyndaky nebitçilik institutyny dag-magdan inženeri — geofizik hünäri boýunça tamamlaýar. Zähmet ýoluna 1956-njy ýylda Moskwanyň nebitçilik institutyny tamamlanyndan soňra «Средазнефтегеофизика» trestiniň seýsmiki toparynyň inžener-interpretatory wezipesinde başlaýar. 1958-nji ýylda TSSR Ylymlar akademiýasynyň Geologiýa institutynyň aspiranturasyna okuwa girýär we ony 1961-nji ýylda tamamlap, şol institutyň uly ylmy işgäri wezipesinde işleýär. Ol «Goturdepäniň geologiki gurluşy we nebitliligi» temasy boýunça kandidatlyk dissertasiýasyny Azerbeýjanyň Ylymlar akademiýasynyň Geologiýa institutynda goraýar. 1971-nji ýylyň 6-njy aprelinde Ödek Akjaýewiç Moskwanyň akademik I.M.Gubkin adyndaky Nebithimiýa we gaz senagaty institutynda «Geologiýa-geofizika barlaglar boýunça Kaspiý-Köpetdag sebitiniň kaýnozoý gurluşy (strukturasy) tektonika ösüşiniň taryhy, emele geliş mehanizmi, klassifikasiýasy we nebit-gazlylygy» diýen tema boýunça doktorlyk dissertasiýasyny goraýar. 1973-nji ýylda öňki Soýuzda ilkinji gezek oňa iki hünär — gazylyp alynýan peýdaly zatlaryň ojagynyň gözlenilişiniň we agtarylyşynyň geofiziki usullary hem-de nebit we gaz ojaklarynyň geologiýasy, gözle

Bagtly bolasym gelýär...

Bagt ynsanyň öz-özüne bolan ynam-ygtykadynda, içki dünýäsiniň päkliginde, daşky gözellige hem-de arzuw-niýetiniň söýgi sazlaşygynda jemlenendir. Olar dutar kirişlerinden hem näzik duýgulardan ybaratdyr. Bagt gözellikdir, oňa mynasyp bolmak üçin kalbymyz gözel bolmalydyr. Akyldarlaryň biriniň: «Bagta barýan ýol bagtly günleriň bardygyny duýmakdan başlanýar» diýşi ýaly, bagtly bolmak üçin, ilki bilen, özüňde bar bolan baýlyklara akyl ýetirmegi başarmaly. Bu diýildigi maddy baýlygyň göz öňünde tutulmasy däldir. Halkymyz: «Baş saglygym — baýlygym» diýmek bilen, baş saglygy iň uly bagty hasaplaýar. Gözleriň ýagty jahany görmegi, on iki süňňüňe erk edip bilmegiň, ýakyn-u-ýatlaryň şatlygyna şatlanyp, gamyna gyýlyp bilmegiň, akylyň-huşuň ýitiligi, kesgirligi, päliň-niýetiň päkligi, iň esasy zat bolsa, şu agzalanlaryň hakyky baýlykdygyna düşünmegiň bagtly bolmagyň dogry ýoludyr. Iliňi-günüňi, ýakyn-ýadyňy, bala-çagalaryňy, öý-ojagyňy söýmek islendik adamy bagtly edýär. Seniň söýgiň bilen gurşalýan ynsanlaryň gözlerindäki bagt nuruny görmegem özüňe çäksiz bagt bolup dolanýar. Aslynda, biziň hemmämiz bagtly ynsanlar. Biz islesek, her günümizi ömrümiziň iň bagtly günlerine öwrüp bileris.

Setirleri döwürleri bezeýän dana

ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2023-nji ýylyň 10 — 24-nji maýy aralygynda Parižde geçirilen 216-njy mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy ÝUNESKO-nyň «Dünýä hakydasy» atly halkara sanawyna girizildi. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň şahyrana eserleriniň 70-den gowragynda dürli yklymlar, sebitler, ýer-ýurtlar, irki orta asyr geografik menziller, gadymy, meşhur toponimik merkezler bilen bagly taryhy, edebi aňlatmalara, durmuş hakykatlaryna salgylanylýan tymsallaryň, çeper meňzetmeleriň, jemgyýetçilik gymmatlyklaryň 200-e golaýy duş gelýär. Şolaryň biri hem Merkezi Aziýada, gadymy dünýäde taryhy rowaçlyklaryň ösüşine işjeň gatnaşan, geçmişiň görnükli yklymara sebitleriniň biri bolan Turan ülkesidir. Dünýäniň çeperçilik, ahlak, ylmy we jemgyýetçilik medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşan ussadyň 10-dan gowrak eserlerinde Turan ýaýlasy, onuň bilen serhetleşen mekanlaryň, ülkeleriň, şäherleriň atlarynyň waspnamalary duş gelýär. Şahyryň «Bir işe ulaşdy», «Arş aglaýa», «Eýwany tört» gazallarynda «Kimi gitdi, Eýran, Turan, Kimi Yspyhan, Töwriz aşdy», «Pişiň Eýran bolsa, puştuň Turandyr», «Anyň wahemesine Eýran-Turana geldi», «Eýran-Turany gezip, azmy-Horasan geldi» diýip bellenilýän danawy setirleri taryhy hakykatlaryň çeper söz sungatynyň gözelligine gatnaşygyny, sazlaşygyny giňden açyp görkezýär.

Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär

Halkymyzyň saglygy, adamlaryň bagtyýar durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegi babatdaky alada hormatly Prezidentimiziň syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, milli maksatnamalaryň we iri taslamalaryň esasynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň baş gymmatlygynyň adamdygy hakyndaky ýörelge durýar. Sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri bolsa adamlaryň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmäge ýardam berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk göreldesiniň muny tassyklaýandygyny bellemelidir. Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 14-nji awgustda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etmegi hem ýurdumyzda sagdyn durmuşyň dabaralanýandygynyň ýene-de bir mysalydyr. Ir bilen döwlet Baştutanymyz deňiz kenaryna geldi. Tomsuna günüň bu çagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýakymly howa gurşawy emele gelýär. Munuň özi deňizden we «Awaza» emeli derýasyndan öwüsýän sergin şemalyň, ýaşyl seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredýän salkyn howasynyň esasynda mümkin bolýar. Soňky ýyllarda şeýle zolaklaryň çägi ep-esli giňeldildi. Bu çäreler kenarýaka sebitiň ekologik ýagdaýynyň has-da gowulanmagyny hem şertlendirdi.

Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy döwlet syýasatynda ileri tutulýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda «Arçman» şypahanasyna baryp, bu ýerde dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow bilen duşuşdy we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen gyzyklandy. Lukman Arkadagymyz gür baglyga bürenen, ekologik taýdan amatly howa gurşawy bolan şypahananyň çäginde agtyjaklary hem-de çowlugy bilen gezelenç etdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni Watanymyz üçin taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Şunda demokratik ýörelgeleriň pugtalandyrylmagyna, adam hukuklarynyň goralmagyna, raýat jemgyýetiniň hemmetaraplaýyn kämilleşdirilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.

Nebit göteriji turbalar bilen önümli gatlaklar sazlaşykly işlände...

Gazlift guýularyň işleýşiniň netijeliligini artdyrmak, köp babatda, önümli gatlaklaryň häsiýetine, ýerasty enjamlaryň talabalaýyk işleýşine, sarp edilýän gazyň durnukly basyşyna, gazsuwuklyk garyndynyň strukturasyna, gazlift klapanlaryň takyklygyna, hasap boýunça dogry goýluşyna we beýleki parametrlere baglydyr. Şol bir wagtyň özünde, göteriji turbalardan suwuklygyň (nebitiň) kadaly çykarylmagy iş agentiniň (gazyň) berilýän möçberi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Eger-de göteriji turbalar hasaplanyp bellenilen çuňluga goýberilen bolsa ýa-da gatlagyň önümliligine görä klapanlaryň sany göteriji turbalaryň ýerli-ýerinde goýulmagy bilen gabat gelýän bolsa, onda nebit çykarylyşyny artdyrmak, ýagny guýularyň hereketde bolmagyny geljekde kadaly ýola goýmak üçin berilýän gazy gaz paýlaýjy desgalarda (GPB, UPG-l, UBD) goýulýan ştuserleriň (şaýbanyň) kömegi bilen wagtal-wagtal sazlap durmak esasy düzgün hasaplanylýar. Käbir guýularyň göteriji turbalarynyň çylşyrymly şertlerde işleýänligi hem-de öňki çykarýan nebitinden az berýänligi sebäpli ýeňil abatlaýyşdan soň, olarda düzgün barlagyny amala aşyrmaklygy meýilleşdirmek gaýragoýulmasyz wezipe bolup durýar. Guýularda düzgün barlagyny geçirmek, esasan, ştuseriň diametrlerini üýtgetmek arkaly alnyp barylýar. Bu çäräniň geçirilmeginde kadaly tehnologik iş düzgünini kesgitleýji ölçegi — berilýän gazyň udel sarp edilişini azaldyp, köp nebit çy

Türkmenistanyň gaz senagaty Garaşsyzlyk ýyllarynda: ösüşli ýollaryň dowamy

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda durmuşa geçirýän strategiýasy pudaklaýyn düzümini döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga, gaz çykarýan we gaýtadan işleýän pudagyň kuwwatlyklaryny artdyrmaga, gaz hem-de nebithimiýa senagatyny ösdürmäge we dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän bäsdeşlige ukyply önümleri çykarmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň tutýan meýdanynyň aglaba bölegi nebitgazly ýerler diýlip hasap edilýär. Gaz gorlarynyň derejesiniň ýokarylygy «mawy ýangyjyň» çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmaga, daşarky we içerki sarp edijileri uzak ýyllaryň dowamynda üpjün etmäge mümkinçiliginiň bardygyny tassyklaýar.

Burawlaýjylaryň buýsançly gadamlary

Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyz Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň uglewodorod çig mallarynyň gorlaryna baý döwletleriniň hatarynda bolmak bilen, ýangyç-energetika ulgamynda ägirt uly taslamalary işläp taýýarlamakda hem-de olary durmuşa ornaşdyrmakda tutanýerli işleri bitirmegiň hötdesinden gelýär. Bu dünýä nusgalyk işleriň her birinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň buraw işleri müdirlikleriniň zähmet toparlarynyň hem öz mynasyp paýy bar. Konserniň burawlaýjylary nebitli, gazly ýataklarda dürli maksatly täze guýulary gazmakda, olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda, uglewodorod çig mallarynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmakda döwrebap işleri amala aşyrýarlar. Diňe şu ýylyň geçen ýedi aýynda bu müdirlikler tarapyndan 99 müň 663 metre barabar dag jynslary gazylyp, meýilnama 103,3 göterim amal edilipdir. Bu ajaýyp zähmet üstünligi barada konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň dolandyryjysy Magtymguly GAÝYPOW habarçymyza şeýle gürrüň berdi: — Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany wezipesinde işlän döwründe, has takygy, 2022-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Uzynada meýdançasyna gelip, şol ýerde nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegi, ýurdumyzyň baý serişdeler kuwwatyny özleşdirmegi we ondan netijeli peýdalanmagy esasy wezipe edip goýmagy burawlaýjylarymyzy has-da gaýratly zähmet çekmäge ruhlandyrdy.