Setirleri döwürleri bezeýän dana

26 Awgust 2024
413

ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2023-nji ýylyň 10 — 24-nji maýy aralygynda Parižde geçirilen 216-njy mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy ÝUNESKO-nyň «Dünýä hakydasy» atly halkara sanawyna girizildi. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň şahyrana eserleriniň 70-den gowragynda dürli yklymlar, sebitler, ýer-ýurtlar, irki orta asyr geografik menziller, gadymy, meşhur toponimik merkezler bilen bagly taryhy, edebi aňlatmalara, durmuş hakykatlaryna salgylanylýan tymsallaryň, çeper meňzetmeleriň, jemgyýetçilik gymmatlyklaryň 200-e golaýy duş gelýär. Şolaryň biri hem Merkezi Aziýada, gadymy dünýäde taryhy rowaçlyklaryň ösüşine işjeň gatnaşan, geçmişiň görnükli yklymara sebitleriniň biri bolan Turan ülkesidir. Dünýäniň çeperçilik, ahlak, ylmy we jemgyýetçilik medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşan ussadyň 10-dan gowrak eserlerinde Turan ýaýlasy, onuň bilen serhetleşen mekanlaryň, ülkeleriň, şäherleriň atlarynyň waspnamalary duş gelýär.

Şahyryň «Bir işe ulaşdy», «Arş aglaýa», «Eýwany tört» gazallarynda «Kimi gitdi, Eýran, Turan, Kimi Yspyhan, Töwriz aşdy», «Pişiň Eýran bolsa, puştuň Turandyr», «Anyň wahemesine Eýran-Turana geldi», «Eýran-Turany gezip, azmy-Horasan geldi» diýip bellenilýän danawy setirleri taryhy hakykatlaryň çeper söz sungatynyň gözelligine gatnaşygyny, sazlaşygyny giňden açyp görkezýär.

Dädebaý PÄLWANOW,
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.