Burawlaýjylaryň buýsançly gadamlary

19 Awgust 2024
513

Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyz Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň uglewodorod çig mallarynyň gorlaryna baý döwletleriniň hatarynda bolmak bilen, ýangyç-energetika ulgamynda ägirt uly taslamalary işläp taýýarlamakda hem-de olary durmuşa ornaşdyrmakda tutanýerli işleri bitirmegiň hötdesinden gelýär. Bu dünýä nusgalyk işleriň her birinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň buraw işleri müdirlikleriniň zähmet toparlarynyň hem öz mynasyp paýy bar. Konserniň burawlaýjylary nebitli, gazly ýataklarda dürli maksatly täze guýulary gazmakda, olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda, uglewodorod çig mallarynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmakda döwrebap işleri amala aşyrýarlar. Diňe şu ýylyň geçen ýedi aýynda bu müdirlikler tarapyndan 99 müň 663 metre barabar dag jynslary gazylyp, meýilnama 103,3 göterim amal edilipdir. Bu ajaýyp zähmet üstünligi barada konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň dolandyryjysy Magtymguly GAÝYPOW habarçymyza şeýle gürrüň berdi:

— Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany wezipesinde işlän döwründe, has takygy, 2022-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Uzynada meýdançasyna gelip, şol ýerde nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegi, ýurdumyzyň baý serişdeler kuwwatyny özleşdirmegi we ondan netijeli peýdalanmagy esasy wezipe edip goýmagy burawlaýjylarymyzy has-da gaýratly zähmet çekmäge ruhlandyrdy.

Atageldi SEÝIDOW,
«Nebit-gaz».