Türkmenistan sebit we ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda, olaryň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Şunda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek meselesi hem bar. Bu möhüm ulgamda hyzmatdaşlyk türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän daşary syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biridir.
Daşky gurşawy goramak ulgamy hem Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şunda zyňyndylary azaltmak boýunça uly işler ýerine ýetirilýär. Ekologiýa, tebigaty goramak babatdaky talaplaryň ýerine ýetirilmegi ýurdumyzda iri düzümleýin we şähergurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmegiň esasy şerti bolup durýar. Bu babatda Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gurlan Arkadag şäherini mysal getirmek bolar.