"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Iň köp gürlenýän diller

«Dünýäde iň köp gürlenýän diller haýsy?» diýip soralsa, dessine «Iňlis, rus dilleri» diýip jogap bermegimiz mümkindir. Sebäbi bu diller hakynda biz ýygy-ýygydan eşidýäris. Emma bu olaryň dünýäde iň köp gürlenýändigini aňladýarmyka beri?! Ynha, bu welin oýlandyrýar. Şu pikir bilen internet maglumatlaryna ýüzlendim. Görüp otursam, ýokarda ady agzalyp, iň köp gürlenýän dillerdir diýip çaklap aýdanlarym dogry çykdy, ýöne olar sanawda yzrakky orunlardan ýer alan eken. 1. Dünýäde iň köp gürlenýän dilleriň kerwenbaşysy hytaý dili. Bu dilde dünýä ýüzündäki adamlaryň altydan biri gürleýär.

Diller dünýä ýol açýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýä döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barha giň gerime eýe bolýar. Halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň rowaçlanmagynda, olaryň bir-biri bilen özara düşünişmeginde we dost-doganlygyň berkemeginde ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil bilmekleriniň ähmiýeti uludyr. Dünýä halklarynyň dillerini öwrenmek dünýä medeniýetine, ylym-bilim dünýäsine aralaşmagyň açarydyr. Gahryman Arkadagymyzyň ösüp gelýän ýaş nesil üçin edýän taýsyz tagallalaryndan ugur alnyp, talyp ýaşlaryň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmak hem-de türkmen medeniýetiniň ýokary belentliklerine ýetirmäge ruhlandyrmak, ýokary hünärli, daşary ýurt dillerini kämil bilýän nesiller bolup ýetişmegini gazanmak ugrunda zerur şertler döredilýär. Bu bolsa talyp ýaşlaryň oňat okamagyna, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga we döretmäge giň ýol açýar.

Ylym-bilim jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüdir

Dünýäde ylym-bilim, ylmy açyşlar, tehniki oýlap tapyşlar ösüşleriň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde ykrar edilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym, bilim ulgamlary döwlet durmuşynyň esasy ugry hasaplanýar. Milli ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldaw giňelýär, barlaglary, tejribe-synag we tehnologik işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmek işi kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda ylmy işleri amala aşyrmak, ylmy gözlegleriň gerimini giňeltmek, olaryň netijelerini durmuşa ornaşdyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlaryny ösdürmäge berýän ünsi netijesinde ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar, şol sanda internetiň we elektron kitaphanalaryň ýokary mümkinçilikleri üpjün edilýär.

Zehin zehinden zyýada

Türkmenabat şäherindäki 3-nji orta mekdepde «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen bu bäsleşige onuň etrap we şäher tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylar gatnaşdylar. Bu bäsleşik üç ugurda, ýagny düzme ýazmak, surat çekmek, şekil ýasamak ugurlary boýunça geçirildi we zehinliler öňe saýlandy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň Hormat haty we sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşik gyzykly geçdi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzdaky 89-njy orta mekdepde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4 — 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşik diýseň gyzykly geçdi. Netijede, ýeňijiler yglan edilip, olara Hormat haty we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşikde 1, 2-nji orna mynasyp bolan okuwçylar onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Hünär kämilleşdiriş okuwlary geçirildi

Sarahs etrap bilim bölüminde Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda hünär kämilleşdiriş okuwy geçirildi. Oňa welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky hünär ýokarlandyryş merkeziniň wekilleri we etrabyň bilim bölüminiň düzümine girýän orta mekdeplerde bilim berýän mugallymlar gatnaşdylar. Bilim işgärleriniň bu ýygnagynda orta mekdeplerde okatmagyň döwrebap usullarynyň, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, mugallymlaryň hünär ussatlygyny artdyrmak, öňdäki maksatnamalar hakynda giňişleýin söhbet edildi. Hünär kämilleşdiriş okuwlary welaýatyň Tejen şäher, etrap we Kaka etrap bilim bölümlerinde-de guramaçylykly ýagdaýda geçirildi.

Çagalar bagy bilen mekdebiň sazlaşykly işleri

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň terbiýe we bilim öwrenmek bilen baglanyşykly işlerinde terbiýeçileriň mekdep mugallymlary bilen sazlaşykly iş alyp barmagynyň möhüm ähmiýeti bardyr. Çagalar bagynyň terbiýeçileriniň we mugallymlarynyň işleriniň arabaglanyşygy mekdebe taýýarlaýyş toparynyň we 1-nji synp okuwçylarynyň bilimini berkidýär. Terbiýeçiler mekdebiň bilim-terbiýeçilik işleri bilen tanşyp, mekdepde geçilýän temalary we çagalaryň bilim derejelerini ösdürmäge degişli işleri öwrenip, mekdebiň talap edýän işlerini ýola goýmaly. Mekdep mugallymlary öz gezeginde çagalar bagynda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleri bilen tanyşýarlar hem-de çagalaryň alan bilimleri bilen gyzyklanýarlar. Terbiýeçileriň we mugallymlaryň arasyndaky şular ýaly arabaglanyşyk dürli-dürlüdir. Orta mekdepleriň 1-nji synpynyň maksatnamasy hem-de çagalar bagynyň maksatnamasy bilelikde maslahatlaşylyp düzülse we öwrenilse, talabalaýyk bolýar. Mugallymlaryň mekdebe taýýarlaýyş toparynyň işleri we çagalaryň bilimleri, başarnyklary bilen tanyşmagy zerurdyr. Mugallymlaryň çagalar baglaryndaky sapaklara gatnaşmagy, ýylyň başynda we soňunda mekdebe taýýarlaýyş toparynyň çagalarynyň mugallymlar tarapyndan synlanylmagy, olaryň käbirleri bilen söhbetdeşlik guralmagy, mekdebe taýýarlaýyş toparyň işiniň barşy baradaky maslahatlara gatnaşmagy hökmandyr.

Sapagy öwretmekde oýunlardan peýdalanmak

Mekdebe ýaňy gadam basan çagalara sowat, bilim öwredýändigi üçin başlangyç mugallymlara jogapkärli wezipe degişli bolup durýar. Ony üstünlikli amal etmek üçin öz usuly işleriňi yzygiderli kämilleşdirip durmak gerek. Şunda çaganyň içki dünýäsini, psihologiýasyny öwrenmeli, sebäbi alty ýaşly çaganyň ünsi ýeterlik derejede durnukly bolmaýar. Ol ygtyýarsyz ýagdaýda ünsüni başga zada sowmaga meýilli bolýar. Geçýän sapaklaryňy, öwredýän maglumatlaryňy gyzykly oýunlaryň üsti bilen çagalara ýetirmeli. Mälim bolşy ýaly, psihologiýa ylmynda oýun zähmet we okuw bilen birlikde, işiň bir görnüşi hökmünde häsiýetlendirilýär. Şu nukdaýnazardan, oýnuň çagalar üçin uly işdigini, körpeje çagalaryň oňa yhlas bilen gatnaşýandygyny bellemek gerek. Şonuň üçin çagalar bilen guraýan oýunlaryma aýratyn döredijilikli çemeleşýärin, olaryň öwredijilik maksadyna ähmiýet berip, sapaklarda ýygy-ýygydan ulanýaryn. Şunuň bilen birlikde, oýna adalatly baha bermegiň iň esasy şertleriň biridigini bellemelidiris.

Ömrüni mugallymçylyga bagyş eden halypa

Bu günki gün ýurdumyzyň dürli ýerlerinde döredijilikli zähmet çekýänleriň hersiniň bilimli, sowatly, jemgyýetimize peýdaly adamlar bolup ýetişmeklerinde olary okadan mugallymlaryň ýadawsyz yhlasynyň bardygyny belläsimiz gelýär. Şol mugallymlar hakydalarda ebedi ýaşap, mydama ýatlanylmaga mynasypdyr. Olar – hem ene-ata, hem okuwçylara bilim beren, durmuşda öz mynasyp ornuny tapmaga ýardam eden mähriban mugallymlar. Şeýle bilim işgärleriniň biri hem ömrüni mugallymçylyk kärine bagyş eden Berdi Çaryýewdir. Berdi Çaryýew 1946-njy ýylda Murgap etrabynyň Gökdepe obasynda dünýä inýär. Maşgalada dokuz çaganyň biri bolan Berdi çagalykdan özüni alyp barşy, bilime bolan aýratyn höwesi bilen beýlekilerden tapawutlanýar. Kakasy Çary Annamyradowyň mugallymçylyk kärini geljekde tutanýerlilik bilen dowam etdirjek ogly Berdi 1953-nji ýylda ýaşaýan obasyndaky ýediýyllyk orta mekdebe barýar.

Sanly bilim — döwrüň talaby

Berkarar Watanymyz ösüşlerden ösüşlere tarap ynamly we batly gadam bilen barýar. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, parasatly syýasatynyň netijesinde amala aşyrylýan özgertmeler ähli ugurlarda ösüşleriň gazanylmagyny üpjün edýär. Dünýäniň özgerişindäki ugurlara üns berenimizde, sanly tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagynyň esasy hereket bolýandygyny görüp bilýäris. Maksatnamalaýyn we oýlanyşykly alnyp barylýan sanly tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak işleri bilim ulgamynda-da üstünlikli amala aşyrylýar. Sanly ulgamyň ýurdumyzyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilen, mekdep okuwçylary, talyplar, bilim işgärleri biri-birileri bilen çalt maglumat dolanyşygynda bolmak bilen bilelikde, dünýä tejribesiniň gazananlaryndan hem peýdalanýarlar. Şunuň bilen baglylykda, öwrenýänler öňküden az wagtda has köp maglumata eýe bolup bilýärler. Sanlylaşdyrmagyň ilerlemesi, onuň durmuşa çalt ornaşdyrylmagy bilim ulgamynda hökmany zerurlyk bolup durýar. Sebäbi ulgama ornaşdyrylan sanly tehnologiýalar ýaş nesilleriň aň-bilim ösüşini üpjün edýär, şeýlelikde, bilim-terbiýeçilik işi has netijeli häsiýete eýe bolýar. Sanly tehnologiýalar bilim ulgamynyň döwre laýyk, geljekki talaplary ýerine getirýän ulgam bolmagyna, bilimiň ýaýraw çäginiň giňelmegine we ykdysady taýdan elýeterli bolmagyna öz täsirini ýetirýär. Dünýä ylmynyň gazananlaryny ýene ylmyň hyzmatyna bermek işi bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde sagat 1500-da institutymyza berkidilen Aşgabat şäherindäki 37-nji, 68-nji, 72-nji we 76-njy orta mekdepleriň okuwa girmäge isleg bildirýän gutardyş synp okuwçylaryny «Açyk gapylar» gününe çagyrýar «Açyk gapylar» gününde instituta gelen ýaşlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan işjeň daşary syýasatynyň dabaralanmagy, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi, milli Liderimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, institutda öwredilýän hünärler, kompýuter, internet, sinhron terjime we lingafon, interaktiw okuw otaglary bilen tanşyp bilerler. olaryň hatarynda institutyň durmuşy baradaky stendler we wideofilm bilen, şeýle hem «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýi, okuw studiýasy, institutda hereket edýän Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi hem-de Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi hem bar.

Gel­jek hak­da ala­da

Tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da güneşli Di­ýa­ry­myz­da ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­mek ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­di. Ýaş­la­ryň ru­hy we be­den taýdan sag­dyn­ly­gy üp­jün edil­ýär, hü­när taý­ýar­ly­gy, dö­re­di­ji­lik uky­by kä­mil­leş­di­ril­ýär. «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­nyn­da ýaş­la­ry döw­let ta­ra­pyn­dan gol­da­ma­gyň mö­hüm ugur­la­ry kes­git­le­nen­dir. Ber­ka­rar ýur­du­my­zyň ýaş­la­ry­nyň hü­när saý­la­ma­gy­na we ukyp-ba­şar­ny­gy­na gö­rä işe ýer­leş­me­gi­ne döw­let de­re­je­sin­de uly üns be­ril­ýär. Şo­nuň bi­len bir­lik­de ýaşla­ryň ara­syn­da, il­kin­ji no­bat­da, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ki­dil­me­gi, olaryň wa­tan­sö­ýü­ji­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­nil­me­gi we saz­la­şyk­ly in­tel­lek­tual ösü­şi bi­len bag­ly me­se­le­ler çö­zül­ýär. Ösüp gel­ýän ne­sil ba­ra­da­ky ala­da he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­nyl­ýar.

Yh­las we ze­hin ýeň­şe ýe­tir­ýär

Welaýatymyzyň mekdep okuwçylary ýylyň-ýylyna dürli ugurlar boýunça döwlet we halkara derejesindäki bäsleşiklerde baýrakly orunlary eýeläp gelýärler. Olar «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny-da üstünliklere besleýärler. Ildeşlerimiz ýaňy-ýakynda geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ylmy-döredijilik, taslama bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda baýrakly orunlaryň 15-sini eýelediler. Mekdep okuwçylarymyzyň 8-si bolsa höweslendiriji baýraklar bilen sylaglanyldy. Döwlet bäsleşiginde baýrakly orunlary eýelän okuwçylar dogrusynda aýratyn durup geçmek gerek. Darganata etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Merjen Aýtgulyýewa bäsleşikde has-da şowly çykyş etmegi başardy. Ol ynsanperwerlik we durmuş bilimleri ugry boýunça taýýarlan taslama işi bilen birinji orny eýeläp, mugallymlaryny we ene-atasyny begendirdi.

Ussatlaryň tejribesinden

Diplomatiýa ulgamy her bir döwletiň daşary syýasatynyň hereketlendiriji güýji hem-de şol syýasaty durmuşa geçirmegiň möhüm serişdesi hasaplanylýar. Has dogrusy, diplomatiýa işi halkara gepleşiklerini alyp barmagyň inçe sungatydyr. Adatça, pikir edilişinden aşa özboluşly, has çylşyrymly bolan bu sungatda üstünlik gazanmak her kime başardyp baranok. Daşyndan baha berlende, diplomatlyk adaty bir hünär ýaly görünýändir. Emma onuň hötdesinden gelmek üçin diňe ylym-bilimiň ýeterlik däl-de, eýsem, akyl, milli düşünje, dünýägaraýyş we tejribe ýeterlik bolmalydyr. «Diplomatlar Watan esgeri» diýlip ýöne ýerden aýdylmaýar. Olar Watanyň öňündäki mukaddes borçlaryny ak ýürekden berjaý etmegi borç edinip, kesp-kärini at-abraýyna, ömür ykbalyna deňeýärler. «Şägirt halypadan ozdurmasa, hünär ýiter» diýen pähime esaslanmak bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem netijeli işler alnyp barylýar. Bu ýerde zähmet çekýän professor-mugallymlaryň, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň geçirýän nazaryýet sapaklary, berýän tejribelik dersleri talyplaryň ylym-bilimlerini baýlaşdyrmaklaryna, halypalardan görelde alyp, hünärleri kämil ele almaklaryna mümkinçilik berýär. Biz, türkmen diplomatiýasynyň ilkinji nesilleriniň biri, degişli ugruň ösmegine ägirt uly goşant goşup, ukyp-başarnygyny, yhlasly zähmetini ýurdumyzyň halkar

Okuwçylarda tebigata söýgi döretmek

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklap galmak hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Bu barada okadýan başlangyç synp okuwçylarym bilen guraýan synp sagadymda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli kitaby barada we bag ekmek möwsümi dogrusynda giňişleýin düşünje berdim. Bag nahalyny eken adama aýratyn sarpa-hormat goýulýar. Bu möwsümde ýaşajyk agaç nahallary ekilýär we öňkülere timar berilýär. Saýaly we miweli baglar ynsan ýaşaýşynda miwesi iýmite, saýasy salkynlyga, şeýle hem saglyga peýdalydyr. Muny çagalaryň aňyna ýetirmek üçin mekdebiň çägindäki howluda okuwçylarym bilen ýaşajyk agaç nahallaryny ekdik we olara suw berdik. Bu işleriň ynsan üçin sogaplydygy hakynda olara dürli rowaýatlaryň üsti bilen gürrüň berdim.

Bilim — ösüşleriň aýdyň ýoly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ösdürilýär, iň kämil usullar durmuşa ornaşdyrylýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlaryň kämil bolup ýetişmekleri, olaryň ylymly-bilimli bolmaklary esasy ugurlaryň biridir. Ylym-bilimi özleşdirmek, ösen tehnologiýalary, kompýuterleri öwrenmek bu günki ýaşlaryň baş maksady bolup durýar. Şeýle hem tebigy ylymlar bilen bir hatarda dünýä dillerini hem özleşdirmek ýaşlaryň aýratyn üns berýän ugurlarydyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda gazanylýan ösüşler her birimiziň kalbymyzy buýsanja besleýär. Şeýle uly ösüşleri ylym-bilimiň ösdürilmeginde hem, sanly bilimiň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagynda hem görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, ylmyň, tehnikanyň we önümçiligiň bitewiliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ylmy taglymatlary esasynda Watanymyzyň ylym ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirmäge, ata-babalarymyzyň mirasyny dünýä ýaýmaga hem-de geljekki nesillere ýetirmäge döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýär, möhüm ugur hökmünde alnyp barylýar. Ýurdumyzyň geljegini has ösen derejä ýetirmek üçin ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, edep-ekramly bolmagyny gazanmak hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän möhüm meseleleriniň hatarynda goýulýar.

Döwrebaplyga we kämillige giň ýol

Topragyň rysgal-bereketli bolmagy üçin suw näderejede gerek bolsa, ynsan ömrüniň manyly bolmagy üçinem ylym-bilim şonça derejede gerekdir. Danalaryň biri: «Bir gününi ylymsyz geçiren kişä gynanjymyň nähili bolandygyny we bir gününi ylym bilen geçiren kişä bolsa begenjimiň nähili bolandygyny bilen bolsaň, onda sen ömrüňi ylym bilen ötürerdiň!» diýipdir. Ata-babalarymyzyň: «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň» ýaly gyzyla gaplaýmaly nakyllarydyr atalar sözlerinden hem olaryň ylym-bilime örän ýokary derejede üns berendiklerine göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzda häzirkizaman okuw-tehniki enjamlary, görkezme esbaplary bilen üpjün edilen bilim ojaklarynyň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, şeýle hem çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň gurulmagy, sanly bilim ulgamyna geçilmegi ýaş nesilleriň çuňňur bilimli, giň gözýetimli bolmaklaryny gazanmaklygyň döwlet syýasatynyň esasy üns berilýän ugurlarynyň biridiginiň anyk subutnamalarydyr.

Ussatlar öňe saýlandy

Golaýda Kerki etrabyndaky orta mekdepleriň mugallymlarynyň arasynda «Ýylyň mugallymy — 2021» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Bäsleşik etrabyň 36-njy orta mekdebiniň mejlisler zalynda geçirilip, oňa etrabyň çägindäki orta mekdeplerden ýeňiji bolan mugallymlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň baş maksady ýaş nesillere döwrebap bilim we terbiýe bermekden, döredijilikli zähmet çekýän ussat mugallymlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Oňa gatnaşan mugallymlar okuwçylar bilen sapaklary guramagyň dürli usullaryny — döwrebap kompýuterleriň we görkezme esbaplaryň üsti bilen sapaklaryň geçirilişini görkezdiler.

Işler ynam döredýär

Ýaşlar bütin dünýäde jemgyýetiň esasy işe ukyply bölegi hem-de hereketlendiriji güýji hasaplanýar. Ilatyň düzüminde ýaşlaryň möçberi hem-de olaryň bilim we hünär derejeleri jemgyýetiň we döwletiň ösüşini kesgitleýän esasy şertleriň biri bolup durýar. Şu hakykatdan ugur alnyp, garaşsyz, baky bitarap watanymyzda hormatly prezidentimiziň baştutanlygynda ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn, bilim hem-de hünär taýdan ýokary derejeli şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda uly tagallalar edilýär. şol tagallalaryň netijeleri bu gün ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan işlerde aýdyň ýüze çykýar. Hormatly prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň diňe bir paýtagtynda däl, eýsem, sebitlerinde hem halkymyza hyzmat etmäge niýetlenen medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Şeýle döwrebap düzümleriň döredilmegine ýaşlar hem öz ukyp-başarnyklary we yhlasly zähmeti bilen uly goşant goşýarlar. muňa mukaddes garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän iri desgalaryň biri bolan lebap welaýatynyň kerki şäheriniň döwrebap howa menzilindäki işleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Bu ýerde etrabymyzyň eli hünärli ýaşlarynyň 250-ä golaýy zähmet çekýär. Olar gurluşyk işlerinde ulanylýan çylşyrymly tehnikalara ussatlyk bilen erk edip, ýokary hünär başarnygyny talap edýän işleri ezberlik bilen ýeri

Ösüş we kämillik ädimi

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylarynyň ahlak-psihologik aýratynlyklaryny, häsiýetlerini hem-de psihologik taýýarlyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen «Psihologiýa ruhy terbiýäniň gönezligidir» ady bilen psihologiýa hepdeligi geçirildi. Geçirilen hepdeligiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz topary özleriniň ajaýyp aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Psihologiýa hepdeliginde «Gujurly bilim merkezi» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde «Hany, biliň-dä?!» ady bilen bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik harby okuwçylarda uly gyzyklanma döretdi. Tapawutlanan toparlara bu hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Hepdelikde «Jany sagyň — keýpi çag» ady bilen tanap çekmek, basketbol, harby we sport oýunlarynyň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Şeýle hem hepdeligiň dowamynda «Psihologiýa — kämillige tarap ýol» ady bilen her bir harby okuwçynyň durmuşa garaýşyndan, pikir ýöretmelerinden, gyzykly gürrüňlerinden düzülen terbiýeçilik çäreleri guraldy.