Yh­las we ze­hin ýeň­şe ýe­tir­ýär

2 Aprel 2021
1383

Welaýatymyzyň mekdep okuwçylary ýylyň-ýylyna dürli ugurlar boýunça döwlet we halkara derejesindäki bäsleşiklerde baýrakly orunlary eýeläp gelýärler. Olar «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny-da üstünliklere besleýärler. Ildeşlerimiz ýaňy-ýakynda geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ylmy-döredijilik, taslama bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda baýrakly orunlaryň 15-sini eýelediler. Mekdep okuwçylarymyzyň 8-si bolsa höweslendiriji baýraklar bilen sylaglanyldy.

Döwlet bäsleşiginde baýrakly orunlary eýelän okuwçylar dogrusynda aýratyn durup geçmek gerek. Darganata etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Merjen Aýtgulyýewa bäsleşikde has-da şowly çykyş etmegi başardy. Ol ynsanperwerlik we durmuş bilimleri ugry boýunça taýýarlan taslama işi bilen birinji orny eýeläp, mugallymlaryny we ene-atasyny begendirdi.

Myrat TAGAN ogly,
ýörite habarçymyz.