Sanly bilim — döwrüň talaby

2 Aprel 2021
1167

Berkarar Watanymyz ösüşlerden ösüşlere tarap ynamly we batly gadam bilen barýar. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, parasatly syýasatynyň netijesinde amala aşyrylýan özgertmeler ähli ugurlarda ösüşleriň gazanylmagyny üpjün edýär. Dünýäniň özgerişindäki ugurlara üns berenimizde, sanly tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagynyň esasy hereket bolýandygyny görüp bilýäris.

Maksatnamalaýyn we oýlanyşykly alnyp barylýan sanly tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak işleri bilim ulgamynda-da üstünlikli amala aşyrylýar. Sanly ulgamyň ýurdumyzyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilen, mekdep okuwçylary, talyplar, bilim işgärleri biri-birileri bilen çalt maglumat dolanyşygynda bolmak bilen bilelikde, dünýä tejribesiniň gazananlaryndan hem peýdalanýarlar. Şunuň bilen baglylykda, öwrenýänler öňküden az wagtda has köp maglumata eýe bolup bilýärler. Sanlylaşdyrmagyň ilerlemesi, onuň durmuşa çalt ornaşdyrylmagy bilim ulgamynda hökmany zerurlyk bolup durýar. Sebäbi ulgama ornaşdyrylan sanly tehnologiýalar ýaş nesilleriň aň-bilim ösüşini üpjün edýär, şeýlelikde, bilim-terbiýeçilik işi has netijeli häsiýete eýe bolýar. Sanly tehnologiýalar bilim ulgamynyň döwre laýyk, geljekki talaplary ýerine getirýän ulgam bolmagyna, bilimiň ýaýraw çäginiň giňelmegine we ykdysady taýdan elýeterli bolmagyna öz täsirini ýetirýär. Dünýä ylmynyň gazananlaryny ýene ylmyň hyzmatyna bermek işi bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak bilen amala aşyrylýar. 

Öwezguly ÖWEZOW,
Serdar etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy.