Okuwçylarda tebigata söýgi döretmek

1 Aprel 2021
1090

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklap galmak hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Bu barada okadýan başlangyç synp okuwçylarym bilen guraýan synp sagadymda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli kitaby barada we bag ekmek möwsümi dogrusynda giňişleýin düşünje berdim.

Bag nahalyny eken adama aýratyn sarpa-hormat goýulýar. Bu möwsümde ýaşajyk agaç nahallary ekilýär we öňkülere timar berilýär. Saýaly we miweli baglar ynsan ýaşaýşynda miwesi iýmite, saýasy salkynlyga, şeýle hem saglyga peýdalydyr. Muny çagalaryň aňyna ýetirmek üçin mekdebiň çägindäki howluda okuwçylarym bilen ýaşajyk agaç nahallaryny ekdik we olara suw berdik. Bu işleriň ynsan üçin sogaplydygy hakynda olara dürli rowaýatlaryň üsti bilen gürrüň berdim.

Çemen AZIMOWA,
Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 31-nji orta mekdebiň mugallymy.