Diller dünýä ýol açýar

4 Aprel 2021
964

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýä döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barha giň gerime eýe bolýar. Halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň rowaçlanmagynda, olaryň bir-biri bilen özara düşünişmeginde we dost-doganlygyň berkemeginde ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil bilmekleriniň ähmiýeti uludyr.

Dünýä halklarynyň dillerini öwrenmek dünýä medeniýetine, ylym-bilim dünýäsine aralaşmagyň açarydyr. Gahryman Arkadagymyzyň ösüp gelýän ýaş nesil üçin edýän taýsyz tagallalaryndan ugur alnyp, talyp ýaşlaryň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmak hem-de türkmen medeniýetiniň ýokary belentliklerine ýetirmäge ruhlandyrmak, ýokary hünärli, daşary ýurt dillerini kämil bilýän nesiller bolup ýetişmegini gazanmak ugrunda zerur şertler döredilýär. Bu bolsa talyp ýaşlaryň oňat okamagyna, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga we döretmäge giň ýol açýar.

Ogulbeg ÇARYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.