Ussatlar öňe saýlandy

31 Mart 2021
1231

Golaýda Kerki etrabyndaky orta mekdepleriň mugallymlarynyň arasynda «Ýylyň mugallymy — 2021» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Bäsleşik etrabyň 36-njy orta mekdebiniň mejlisler zalynda geçirilip, oňa etrabyň çägindäki orta mekdeplerden ýeňiji bolan mugallymlar gatnaşdylar.

Bäsleşigiň baş maksady ýaş nesillere döwrebap bilim we terbiýe bermekden, döredijilikli zähmet çekýän ussat mugallymlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Oňa gatnaşan mugallymlar okuwçylar bilen sapaklary guramagyň dürli usullaryny — döwrebap kompýuterleriň we görkezme esbaplaryň üsti bilen sapaklaryň geçirilişini görkezdiler.

Hudaýberdi ALLANAZAROW,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.