Çagalar bagy bilen mekdebiň sazlaşykly işleri

4 Aprel 2021
2937

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň terbiýe we bilim öwrenmek bilen baglanyşykly işlerinde terbiýeçileriň mekdep mugallymlary bilen sazlaşykly iş alyp barmagynyň möhüm ähmiýeti bardyr. Çagalar bagynyň terbiýeçileriniň we mugallymlarynyň işleriniň arabaglanyşygy mekdebe taýýarlaýyş toparynyň we 1-nji synp okuwçylarynyň bilimini berkidýär. Terbiýeçiler mekdebiň bilim-terbiýeçilik işleri bilen tanşyp, mekdepde geçilýän temalary we çagalaryň bilim derejelerini ösdürmäge degişli işleri öwrenip, mekdebiň talap edýän işlerini ýola goýmaly.

Mekdep mugallymlary öz gezeginde çagalar bagynda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleri bilen tanyşýarlar hem-de çagalaryň alan bilimleri bilen gyzyklanýarlar. Terbiýeçileriň we mugallymlaryň arasyndaky şular ýaly arabaglanyşyk dürli-dürlüdir. Orta mekdepleriň 1-nji synpynyň maksatnamasy hem-de çagalar bagynyň maksatnamasy bilelikde maslahatlaşylyp düzülse we öwrenilse, talabalaýyk bolýar. Mugallymlaryň mekdebe taýýarlaýyş toparynyň işleri we çagalaryň bilimleri, başarnyklary bilen tanyşmagy zerurdyr. Mugallymlaryň çagalar baglaryndaky sapaklara gatnaşmagy, ýylyň başynda we soňunda mekdebe taýýarlaýyş toparynyň çagalarynyň mugallymlar tarapyndan synlanylmagy, olaryň käbirleri bilen söhbetdeşlik guralmagy, mekdebe taýýarlaýyş toparyň işiniň barşy baradaky maslahatlara gatnaşmagy hökmandyr.

Ejegül ÇALYÝEWA,
Daşoguz şäherindäki «Nowruz» atly 33-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.