"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Bilim — kämilligiň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiz: «Biziň saýlap alan ýolumyz gurmagyň we döretmegiň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermegiň ýoludyr. Biziň üçin şondan uly bagt ýokdur!» diýip bellemek bilen, eziz Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, merjen şäherimiz Aşgabady dünýäniň iň gözel şäherine öwürmek boýunça bimöçber tagalla edýär. Gahryman Arkadagymyzyň aýratyn aladalarydyr tagallalary netijesinde, soňky ýyllarda ak mermerli paýtagtymyzda dürli maksatly desgalar bilen birlikde, ýokary okuw mekdepleriň häzirki zaman kaşaň binalar toplumlary guruldy. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň döwrebap binalar toplumy hem şeýle binalaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamaga gönükdirilen bilim syýasaty netijesinde döredilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda bu gün döwletimiziň depginli ösüşine goşant goşjak, döwrebap innowasion tehnologiýalardan kämil derejede baş çykarýan, şeýle-de sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly wezipeleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşjak hünärmenler ýetişdirilýär. Bu ýokary okuw mekdebimizde talyplara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, ýaşlary ylmy we taslama işlerini ýerine ýetirmäge çekmekde, innowasion tehnologiýalary okuw işlerine giňden ornaşdyrmakda alnyp barylýan işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Bäsleşik geçirildi

Halaç etrabyndaky 30-njy orta mekdepde etrap bilim bölüminiň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda zehin bäsleşigi geçirildi. Oňa etrabyň 10 — 11-nji synp okuwçylaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertine laýyklykda, etrabyň 25-nji orta mekdebiniň okuwçylar topary iň ýokary netijäni görkezip, birinji orny eýelemegi başardylar. Etrabyň 30-njy orta mekdebiniň okuwçylar topary 2-nji orna, 3-nji orta mekdebiniň okuwçylar topary bolsa 3-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Dil bilmek dünýäni bilmek

Hormatly Prezidentimiziň bilime, ylma berýän ägirt uly ünsi netijesinde bu pudak dünýä derejesinde ösýär we kämilleşýär. Türkmen, iňlis, rus dillerini öwrenmek bilim ulgamynyň esasy özenini düzýär. Sebäbi islendik ylym-bilim almak ukyby maglumat almak we ony özleşdirmek bilen bagly. Bu ugurda halkara dilleriň biri bolan iňlis dili bilen bir hatarda, beýleki daşary ýurt dillerini öwrenmegiň hem ähmiýeti ýylsaýyn artýar. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini netijeli öwrenmek boýunça köpsanly guramaçylyk, ylmy-barlag we usulyýet işleri yzygiderli alnyp barylýar. Ýeri gelende aýtsak, dünýäde ylmy maglumatlaryň esasy bölegi iňlis dilinde neşir edilýär. Biziň jemgyýetçilik durmuşymyz gün-günden özgerýär. Häzirki wagtda adamzadyň durmuşyny internet, radio, telewideniýe ýaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gurşap alýar. Olar ýaşlara dünýä akyl ýetirmäge, öz-özüni kämilleşdirmäge, dünýägaraýşyny giňeltmäge çäksiz mümkinçilikleri berýär. Şeýle ýagdaýda maglumatlaryň ägirt uly giňişliginden baş çykaryp bilmegi, zerur maglumatlary tapmagy we olary iş ýüzünde ulanmagy öwrenmek zerurdyr. Şoňa görä-de daşary ýurt dillerini bilmek möhüm ähmiýete eýedir, sebäbi dilleriň üsti bilen özüňi gyzyklandyrýan pudak barada maglumatlary bütin dünýä boýunça tapmak mümkin.

Okatmakda ilkinji görkeziji: tejribe we usulyýet

Ahal welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan hünär kämilleşdiriş okuwlaryny ýerlerde geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylykly işler üstünlikli dowam edýär. Welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan ýörite düzülen topar Babadaýhan etrap bilim bölüminiň işgärleriniň arasynda kämilleşdiriş okuwyny geçirdi. Oňa etrabyň bilim bölüminiň düzümine girýän orta mekdeplerde bilim berýän mugallymlar we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň müdirleri, terbiýeçiler gatnaşdylar. Her bir bilim işgäriniň öz üstünde döredijilikli işlemegi, kämilleşdiriş okuwlarynda, usuly birleşmelerde, usuly maslahatlarda öz iş tejribeleri boýunça çykyş taýýarlap, tejribesini paýlaşmalydyklarynyň ähmiýeti dogrusynda bu ýerdäki çykyşlarda bellenildi. Mugallymçylyk hünäriniň hormaty, okuwçylara bilim-terbiýe bermekde döwrebap usullardan peýdalanmagyň wajyplygy aýratyn nygtaldy. Şeýle hem kämilleşdiriş okuwynda Gahryman Arkadagymyzyň bilim ulgamyna berýän taýsyz tagallalaryna alkyşly sözler aýdyldy.

No­bat­da­ky üs­tün­li­k

Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyby Myrat Allanazarow Russiýa Federasiýasynyň «Erudit» ylym-bilim merkeziniň onlaýn görnüşindäki «Erudit online» halkara internet olimpiadasynyň üçünji gezek ýeňijisi boldy. Talyp bu gezek biologiýa dersinden «Genetikanyň esaslary» ugry boýunça bäsleşdi. Şeýlelikde, test görnüşinde alnyp barlan bäsleşikde Myrat Allanazarow 18 utugyň 13-sini toplap, 3-nji orny eýeledi we «Erudit» ylym-bilim merkeziniň 3-nji derejeli diplomyna hem-de bürünç medalyna mynasyp boldy. Serhetçi talyplaryň halkara olimpiadalarynda gazanýan dowamly ýeňişlerinde institutyň mugallymlary Batyr Gylyjowyň, Kümüş Nurjanowanyň yhlasly zähmetini bellemek gerek.

Pähim-paýhasyň beýany

Türkmen halky hemişe ylma, bilime, paýhasa aýratyn hormat goýýan halk. Şonuň üçin hem taryhyň dürli döwürlerinde ruhy we maddy gymmatlyklary döredip, nesillerine miras galdyrypdyrlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzyň köp asyrlyk durmuş ýörelgelerine hormat goýmak, olara ygrarly bolmak, Watanymyzy jandan söýmek, onuň Garaşsyzlygyna, hemişelik Bitaraplygyna buýsanmak biziň mukaddes borjumyzdyr.

Iňlis dilini öwretmekde kompýuterlerden peýdalanmagyň ähmiýeti

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda bilim ulgamynyň işiniň netijeliliginiň ýokary bolmagyna yzygiderli üns berilýär. Muňa daşary ýurt önümleriniň ornuny tutup bilýän «Bilimli» noutbuk kompýuterleriniň ýurdumyzda öndürilip başlanmagy we her ýyl däbe öwrülen 1-nji synpa okuwa barýan körpelere hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgat berilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyz mekdepleriň işiniň döwrebaplaşdyrylmagyna, durmuşa geçirilýän özgertmeleriň milli ölçeglere we halkara ülňülere laýyk getirilmegine aýratyn üns berýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň uly ösüşlere eýe bolýandygyny orta we ýokary okuw mekdeplerde innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylýanlygynda hem görmek bolýar. Häzirki döwürde durmuşyň ähli ugurlarynda kompýuter tehnologiýasynyň mümkinçiliginden giňden peýdalanylýar. Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde ulanylýan döwrebap serişdeleriň biri hem kompýuterlerdir.

Edebiýat sapagynda watan waspy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Halkymyzyň geçmişini bilýän, döwletimiziň şu günki ýeten belentliklerine guwanýan jemgyýete, maşgala, dogan-garyndaşa, dost-ýara wepaly, ylymly-bilimli, Berkarar döwletimizi beýgeltmäge ukyply, hakyky watansöýüji nesilleri ýetişdirmek biziň baş maksadymyzdyr» diýip belleýär. Häzirki döwürde döwrebap ýaşlary terbiýelemek mugallymlaryň paýyna düşýär. Mugallym okuwçylarda Watana bolan söýgini, geçmişini öwrenmäge bolan islegi artdyrmak üçin ähmiýetli sapaklary guramalydyr. 10-njy synplarda edebiýat sapagynda türkmeniň görnükli şahyry, terjimeçi, frontçy «Çary Aşyrowyň ömri we döredijiligi» atly temany geçenimde, şahyryň ömür ýoly bilen döredijiliginiň aýrylmaz baglanyşyklydygyny okuwçylara giňişleýin düşündirýärin.

Kämilligiň binýady

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler ýurdumyzy täze belentliklere ýetirýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyz il-ýurt bähbitli, taryhy ähmiýetli, bedew batly ösüşler bilen öňe barýar. Önümçiligiň ähli pudaklaryna ylmyň, öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy we iň täze tehniki enjamlaryň netijeli ulanylmagy belent üstünliklerimizde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz güýçli döwletde ylmyň esasy orny eýeleýändigini, biziň ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidigimizi parasatly belleýär. Şeýle hem milli Liderimiz ylmyň jemgyýetdäki ornuny has ýokarda goýýar we onuň ösüşiniň ýurdumyzyň ähli ösüşleriniň gözbaşydygyny nygtaýar.

Dil bilen dünýäni gezer

Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin yhlasly zähmetini gaýgyrmaýar. Gahryman Arkadagymyzyň biz — ýaş nesiller üçin edýän aladalary egsilmezdir we sanardan köpdür. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde talyp ýaşlara öwredilýän daşary ýurt dilleri we edebiýaty dünýäniň ösen döwletleri bilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ýaşlaryň dünýägaraýşyny baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde ýurdumyzda ylym-bilim bilen bir hatarda, dünýä dillerini we olaryň edebiýatyny öwrenmeklik hem nazarda tutulýan esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň «Dil bilen — dana, dil bilmeýän — diwana», «Dil bilen dünýäni gezer» diýen parasatly nakyllary bar. Bu bolsa ýene-de bir gezek ata-babalarymyzyň dil öwrenmeklige aýratyn üns berendigini subut edýär. Elbetde, köp dil bilmek — köp bilmekdir. Sebäbi dil öwrenýän adam şol dilde gürleýän ýurduň medeniýetini, taryhyny, edebiýatyny, sungatyny öwrenmeli bolýar.

Şirin owazly gyzjagaz (Siziň deň-duşuňyz)

Ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň sungata bolan höwesini artdyrmak, ukyp-başarnygyny kämilleşdirmek maksady bilen dürli döredijilik bäsleşikleri geçirilýär. Şeýle bäsleşikleriň hatarynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 1 — 4-nji synplarynda okaýan gyzlaryň arasynda «Iň eýjejik gyzjagaz» atly şadyýan bäsleşigiň ýylyň-ýylyna yzygiderli geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyndaky bu bäsleşigiň döwlet tapgyry hem diýseň çekeleşikli, gyzykly bolup, oňa gatnaşan gyzjagazlaryň her bir çykyşy dabaranyň myhmanlarynda uly täsir galdyrdy. Iň aýgytlaýjy tapgyryna gatnaşan zehinlije gyzjagazlaryň arasynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Jeýran Merdanowanyň hem bolmagy diýseň buýsandyryjy. Ol bäsleşikde ikinji orna mynasyp bolup, Tylla Öwezowanyň sazyna we Hudaýguly Gurbanowyň sözlerine döredilen «Bagtyýar çagalar» atly aýdymy bilen dabara gatnaşanlaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Suratlardaky 5 tapawudy tapyň!

Uly tagalla edilýär

Bagtyýar zamanamyzda Gahryman Arkadagymyz ýaş nesliň döwrebap bilim almagy ugrunda ähli mümkinçilikleri döredýär. Gözel Diýarymyzyň ähli künjeklerinde häzirkizaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan mekdeplerdir çagalar baglary gurlup, ulanylmaga berilýär. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ulanylmaga berlen mekdepleriň biri hem Serhetabat etrabyndaky 2-nji orta mekdepdir. 2 gatdan ybarat, döwrebap mekdep 624 okuwça niýetlenendir. Bu mekdepde ýaş nesle bilim bermekde tejribeli mugallymlar arman-ýadaman zähmet çekýärler. Mekdebe Täzegül Ýazlyýewa ýolbaşçylyk edip, mugallymlaryň agzybirlikde zähmet çekip, okuwçylaryň bilim-terbiýe almaklary ugrunda uly tagallalary edýär.

Baş baýragyň eýesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň bimöçber uly aladasynyň netijesinde bedew bady bilen öňe gidip, ösüşleriň täze belentliklerine çykýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gowy görkezijilere eýe bolunýar. Biziň bakja-bagymyz hormatly Prezidentimiziň körpelere eden sowgady bolup, ol 2013-nji ýylda ulanylmaga berildi. Bu günki günde çagalar ähli babatda dünýä ülňülerine laýyk derejede gurlan bagda erkana ýaýnaýarlar. Olaryň şadyýan gülkülerini diňläp, bagtdan nurlanýan ýüzlerini synlasaň, biziň ýurdumyzyň bagtyýar çagalygyň mekanydygyna guwanç duýgusy kalbyňy gaplaýar

Üstünlik başarnyga bagly

Mähriban Prezidentimiz ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek, ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň dünýä ülňülerine laýyk derejä ýetirilmek wezipesini öňde goýdy. Döwlet Baştutanymyzyň öňe süren bilim syýasaty abadan geljegimizi nazarlaýan parasatly syýasatdyr. Mälim bolşy ýaly, bu syýasat jogapkärçiligi öňe çykarýar. Şu jogapkärçiligiň talabyndan ugur alyp, ýaş nesle durnukly bilim berip ajap eýýamymyzyň mynasyp neslini kemala getirmekde ähli tagallalary edýäris. Aslynda, döwletimiz bilim işgärlerine ösüp gelýän nesliň bilim-terbiýe berilmegini ynanmak bilen, bize uly ynam bildirýär.

Bilim — bahasyz baýlyk

Milli bilimi döwrebaplaşdyrmak babatda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde ulgamyň dolandyryş, düzüm, kanunçylyk-hukuk binýadyny berkitmek, milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmunyny baýlaşdyrmak, ylmy-usulyýet ugurlaryny kämilleşdirmek boýunça tutumly işler amala aşyrylýar. Elektron maglumat binýadynyň ähli ugurlarynyň üpjünçiligini öz içine alýan sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 8-nji fewralynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ugurlarynda we jemgyýetçilik guramalarynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we olaryň işini kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Bilim bermegiň ygtybarly ugry

Beýik ösüşler bilen nurana geljegine barýan ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak işleri giň gerime eýe bolýar. Çagalar ak mekdebiň gapysyndan ätlän ilkinji pursatlaryndan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ellerine okuw üçin ýörite kompýuterleri sowgat alýarlar. Munuň özi ýaş nesliň döwrebap tehnologiýalar bilen has içgin tanyşmagyna hem-de geçýän okuw derslerini täsirli özleşdirmegine ýakyndan kömek edýär. Şeýlelikde, eziz Diýarymyz innowasiýalary, kompýuter tehnologiýalaryny peýdalanmagyň hem-de goşmaça elektron hyzmatlarynyň hasabyna sanly bilimi, ykdysadyýeti ösdürmek üçin giň mümkinçiliklere eýedir. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» maksady bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmekden, döwrebap bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen elýeterli üpjün etmekden, sanly tehnologiýadan peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň hiliniň mazmunyny çuňlaşdyrmakdan, döwrebap bilim bermegiň hiliniň halkara derejesine laýyk bolmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bu ugurdan netijeli işler alnyp barylýar. Ondaky guralýan sergileriň, maslahatlaryň we tutumy giň beýleki çäreleriň maglumatlarynyň halkara derejedäki alyş-çalşygyny üpjün etmäge ýardam berýär. Şonuň ýaly-da, ýokary okuw mekdeplerin

Esasy maksat — öwredilenleri özleşdirmek

Biologiýa dersini okatmagyň, öwretmegiň usulyýetini bilmek mugallymlar üçin ilkinji zerurlykdyr. Sebäbi bu ders gyzyklylygy bilen birlikde, çylşyrymlydyr. Şonuň üçin orta mekdeplerde bu dersi öwretmekde mugallymyň hemişe taýýarlykly we gözlegde bolmagy gerek. Biologiýanyň janly tebigaty öwrenýän ylym bolanlygy sebäpli, ony okatmagyň görnüşleri, usullary hem tapawutlanýar. Biologiýa dersinde anyk ugurlaryň (ösümlikleriň, haýwanlaryň, adamyň) we tebigatyň çylşyrymly ugurlarynyň öwrenilýändigi sebäpli, okatmagyň has çylşyrymly usullaryny (gezelençler, tejribe, synpdan daşary işler) tapmak üçin görkezip okatmak, tebigy görkezme esbaplardan peýdalanyp okatmak ýaly işjeň usullary ulanmak mümkin. Biologiýany häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk derejede okatmak üçin mugallymlarda ähli mümkinçilikler bar. Şunda degişli maglumatlaryň bolmagy diňe bir okatmakda esasy orun tutman, onuň terbiýeleýjilik ähmiýeti hem uly. Biologiki düşünjeler daşymyzy gurşap alan dünýäni gowy öwrenmegi talap edýär. Şonuň üçinem janly tebigata syn edip, tejribe üsti bilen olary öwrenip, okuwçylaryň pikirlenmek ukyplaryny ösdürmek, bu dersi öwretmegiň ilkinji usullarynyň biridir.

Sapakda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň durnukly ösüşi nazarlaýan toplumlaýyn başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy bedew batly döwrebap ösüşlere eýe bolýar. Iň döwrebap tehnologiýalaryň peýdalanylyşy gün-günden artýar. Şeýlelikde, innowasion tehnologiýalar bilim bermegiň, ýaşlary ylmyň haýsydyr bir ugruna ugrukdyrmagyň esasy şertleriniň birine hem-de döwrebap okadylyşyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Şulardan görnüşi ýaly, häzirki döwürde multimedia serişdeleriniň, internet ulgamynyň bilim bermekdäki orny örän ýokarydyr. Gün-günden ösýän tehnologiýalar jemgyýetimizde ýaşaýan we okaýan mekdep okuwçylarynyň maglumat almaga bolan talaplary hem mümkinçilikleri has ýokary, bu bolsa sapagy täzeçe guramaga çemeleşmegi talap edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň orta mekdeplerinde döwrebap bilim bermegiň aýrylmaz serişdesine öwrülen, mugallymlar tarapyndan giňden peýdalanylýan interaktiw tagta bu işleri talabalaýyk alyp barmakda iňňän uly ýardamçydyr. Sapagy interaktiw tagtanyň kömegi bilen geçirmek isleýän mugallym, onuň deslapky ýazgylaryny taýýarlanda, ilkinji nobatda, haýsy maglumaty haçan görkezmelidigini, onuň üçin interaktiw tagtanyň haýsy mümkinçiliklerinden peýdalanmalydygyny aýdyňlaşdyrmaly. Görkeziljek maglumatlaryň, suratlaryň yzygiderliligini, özara baglanyşygyny öňünden kesgitlemeli. Interaktiw tagtanyň mümkinçilikleri diýseň uly: onuň tekst redaktory,

Täsirli okuwlar guralýar

Hormatly Prezidentimiz: «Ýaşlara berilýän bilim-terbiýe döwrüň talabyna we şöhratly pederlerimiziň döreden dünýä nusgalyk ýörelgelerine kybap gelmelidir. Munuň üçin bolsa milli bilim ulgamyny ösdürmegiň aýratynlyklaryny nazarda tutup, bilim-terbiýeçilik işleriniň guramaçylyk derejesine, ýaşlaryň häzirki zaman ylmyndan, täzeçil usullardan ussatlyk bilen baş çykaryp bilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir» diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen geçýän ýylymyz tutumly işlere, uly ösüşlere beslenýär. Bu ýylda biziň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdebimizde hem netijeli işler alnyp barylýar.