Okatmakda ilkinji görkeziji: tejribe we usulyýet

13 Aprel 2021
1282

Ahal welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan hünär kämilleşdiriş okuwlaryny ýerlerde geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylykly işler üstünlikli dowam edýär. Welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan ýörite düzülen topar Babadaýhan etrap bilim bölüminiň işgärleriniň arasynda kämilleşdiriş okuwyny geçirdi. Oňa etrabyň bilim bölüminiň düzümine girýän orta mekdeplerde bilim berýän mugallymlar we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň müdirleri, terbiýeçiler gatnaşdylar. Her bir bilim işgäriniň öz üstünde döredijilikli işlemegi, kämilleşdiriş okuwlarynda, usuly birleşmelerde, usuly maslahatlarda öz iş tejribeleri boýunça çykyş taýýarlap, tejribesini paýlaşmalydyklarynyň ähmiýeti dogrusynda bu ýerdäki çykyşlarda bellenildi. Mugallymçylyk hünäriniň hormaty, okuwçylara bilim-terbiýe bermekde döwrebap usullardan peýdalanmagyň wajyplygy aýratyn nygtaldy. Şeýle hem kämilleşdiriş okuwynda Gahryman Arkadagymyzyň bilim ulgamyna berýän taýsyz tagallalaryna alkyşly sözler aýdyldy.

Gülbahar ATAÝEWA,
Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky hünär ýokarlandyryş merkeziniň baş hünärmeni.