Uly tagalla edilýär

12 Aprel 2021
1506

Bagtyýar zamanamyzda Gahryman Arkadagymyz ýaş nesliň döwrebap bilim almagy ugrunda ähli mümkinçilikleri döredýär. Gözel Diýarymyzyň ähli künjeklerinde häzirkizaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan mekdeplerdir çagalar baglary gurlup, ulanylmaga berilýär. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ulanylmaga berlen mekdepleriň biri hem Serhetabat etrabyndaky 2-nji orta mekdepdir.

2 gatdan ybarat, döwrebap mekdep 624 okuwça niýetlenendir. Bu mekdepde ýaş nesle bilim bermekde tejribeli mugallymlar arman-ýadaman zähmet çekýärler. Mekdebe Täzegül Ýazlyýewa ýolbaşçylyk edip, mugallymlaryň agzybirlikde zähmet çekip, okuwçylaryň bilim-terbiýe almaklary ugrunda uly tagallalary edýär.