Kämilligiň binýady

13 Aprel 2021
1128

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler ýurdumyzy täze belentliklere ýetirýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyz il-ýurt bähbitli, taryhy ähmiýetli, bedew batly ösüşler bilen öňe barýar. Önümçiligiň ähli pudaklaryna ylmyň, öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy we iň täze tehniki enjamlaryň netijeli ulanylmagy belent üstünliklerimizde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz güýçli döwletde ylmyň esasy orny eýeleýändigini, biziň ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidigimizi parasatly belleýär. Şeýle hem milli Liderimiz ylmyň jemgyýetdäki ornuny has ýokarda goýýar we onuň ösüşiniň ýurdumyzyň ähli ösüşleriniň gözbaşydygyny nygtaýar.

Oguljan ROZYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.