Sapakda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

11 Aprel 2021
1526

Hormatly Prezidentimiziň durnukly ösüşi nazarlaýan toplumlaýyn başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy bedew batly döwrebap ösüşlere eýe bolýar. Iň döwrebap tehnologiýalaryň peýdalanylyşy gün-günden artýar. Şeýlelikde, innowasion tehnologiýalar bilim bermegiň, ýaşlary ylmyň haýsydyr bir ugruna ugrukdyrmagyň esasy şertleriniň birine hem-de döwrebap okadylyşyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Şulardan görnüşi ýaly, häzirki döwürde multimedia serişdeleriniň, internet ulgamynyň bilim bermekdäki orny örän ýokarydyr. Gün-günden ösýän tehnologiýalar jemgyýetimizde ýaşaýan we okaýan mekdep okuwçylarynyň maglumat almaga bolan talaplary hem mümkinçilikleri has ýokary, bu bolsa sapagy täzeçe guramaga çemeleşmegi talap edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň orta mekdeplerinde döwrebap bilim bermegiň aýrylmaz serişdesine öwrülen, mugallymlar tarapyndan giňden peýdalanylýan interaktiw tagta bu işleri talabalaýyk alyp barmakda iňňän uly ýardamçydyr. Sapagy interaktiw tagtanyň kömegi bilen geçirmek isleýän mugallym, onuň deslapky ýazgylaryny taýýarlanda, ilkinji nobatda, haýsy maglumaty haçan görkezmelidigini, onuň üçin interaktiw tagtanyň haýsy mümkinçiliklerinden peýdalanmalydygyny aýdyňlaşdyrmaly. Görkeziljek maglumatlaryň, suratlaryň yzygiderliligini, özara baglanyşygyny öňünden kesgitlemeli. Interaktiw tagtanyň mümkinçilikleri diýseň uly: onuň tekst redaktory, CD we DVD, internet, wideofaýllar, şekilleri görkezmek ýaly serişdelerini islendik sapakda peýdalanyp bolar. Interaktiw tagtada işlemek mugallym üçin has ýeňil, okuwçylar üçin düşnükli, amatly we aňsatdyr. Interaktiw tagtadan peýdalanylyp geçilýän sapaklar okuwçynyň sapaga höwesli gatnaşmagyny üpjün edýär, bilesigelijiligini artdyrýar. Ondaky maglumatlar okuwçylaryň pikirleniş ukyplaryny ösdürýär, okamaga, berilýän maglumaty öwrenmäge bolan islegini artdyrýar. Şeýle hem interaktiw tagtany peýdalanmak sapakda ýerine ýetirilýän ýumuşlaryň möçberini iki essä çenli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Her bir okuwça aýratynlykda dürli derejedäki ýumuşlary peýdalanmak arkaly özbaşdak çemeleşmäge mümkinçilik döredýär.

Berdimyrat JUMANOW,
Köneürgenç şäherindäki 9-njy orta mekdebiň mugallymy.