Dil bilen dünýäni gezer

12 Aprel 2021
1218

Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin yhlasly zähmetini gaýgyrmaýar. Gahryman Arkadagymyzyň biz — ýaş nesiller üçin edýän aladalary egsilmezdir we sanardan köpdür. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde talyp ýaşlara öwredilýän daşary ýurt dilleri we edebiýaty dünýäniň ösen döwletleri bilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ýaşlaryň dünýägaraýşyny baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Häzirki döwürde ýurdumyzda ylym-bilim bilen bir hatarda, dünýä dillerini we olaryň edebiýatyny öwrenmeklik hem nazarda tutulýan esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň «Dil bilen — dana, dil bilmeýän — diwana», «Dil bilen dünýäni gezer» diýen parasatly nakyllary bar. Bu bolsa ýene-de bir gezek ata-babalarymyzyň dil öwrenmeklige aýratyn üns berendigini subut edýär. Elbetde, köp dil bilmek — köp bilmekdir. Sebäbi dil öwrenýän adam şol dilde gürleýän ýurduň medeniýetini, taryhyny, edebiýatyny, sungatyny öwrenmeli bolýar.

Nursoltan WEPAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.