Esasy maksat — öwredilenleri özleşdirmek

11 Aprel 2021
1447

Biologiýa dersini okatmagyň, öwretmegiň usulyýetini bilmek mugallymlar üçin ilkinji zerurlykdyr. Sebäbi bu ders gyzyklylygy bilen birlikde, çylşyrymlydyr. Şonuň üçin orta mekdeplerde bu dersi öwretmekde mugallymyň hemişe taýýarlykly we gözlegde bolmagy gerek. Biologiýanyň janly tebigaty öwrenýän ylym bolanlygy sebäpli, ony okatmagyň görnüşleri, usullary hem tapawutlanýar. Biologiýa dersinde anyk ugurlaryň (ösümlikleriň, haýwanlaryň, adamyň) we tebigatyň çylşyrymly ugurlarynyň öwrenilýändigi sebäpli, okatmagyň has çylşyrymly usullaryny (gezelençler, tejribe, synpdan daşary işler) tapmak üçin görkezip okatmak, tebigy görkezme esbaplardan peýdalanyp okatmak ýaly işjeň usullary ulanmak mümkin.

Biologiýany häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk derejede okatmak üçin mugallymlarda ähli mümkinçilikler bar. Şunda degişli maglumatlaryň bolmagy diňe bir okatmakda esasy orun tutman, onuň terbiýeleýjilik ähmiýeti hem uly. Biologiki düşünjeler daşymyzy gurşap alan dünýäni gowy öwrenmegi talap edýär. Şonuň üçinem janly tebigata syn edip, tejribe üsti bilen olary öwrenip, okuwçylaryň pikirlenmek ukyplaryny ösdürmek, bu dersi öwretmegiň ilkinji usullarynyň biridir.

Gülhumar BALLYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 134-nji orta mekdebiň mugallymy.