"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Zehinli ýaşlar buýsanjymyzdyr

Paýtagtymyzdaky ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdepde umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçy gyzlarynyň arasynda yglan edilen goşgy düzmek bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen bu bäsleşige onuň etrap tapgyrynda 1-nji orny eýelän okuwçy gyzlar gatnaşdylar. Bäsleşik iki şertden ybarat boldy. Birinji şertde bäsdeşler öz goşgularynda ýurdumyzyň ösüşini, halkymyzyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklarymyzy, ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny wasp etdiler. Bäsleşigiň ikinji şertinde bolsa, gyzlar bije çekmek esasynda 10 minutyň dowamynda eminler topary tarapyndan taýýarlanylan sözlerden goşgy düzmek boýunça bäsleşdiler.

Röwşen geljegimiziň şuglasy

Her bir güni uly ösüşlerdir özgerişlere beslenýän eziz Diýarymyzyň bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler sanardan köp. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, bilim, hünär, terbiýe meselelerine bolan talaplar täze mazmuna eýe boldy. Şeýlelikde, bilim ulgamyny dolandyrmagyň, onuň jemgyýete peýdaly bolmagynyň we durmuşa hyzmat etmeginiň talabalaýyk ýola goýulmagy üstünlige badalga bolýar. Jemgyýetiň ruhy medeniýetiniň esasyny düzýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak işini maksadalaýyk guramakda onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilmegi häzirki zaman bilim syýasatynyň esasy ugrudyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin döwlet tarapyndan goýberilýän serişdeleriň möçberi ep-esli ýokarlandy we häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin gurulýan täze binalaryň sany hem artdy. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde berilýän bilimiň hilini dünýä derejesinde ýola goýmak bilen, ýaş neslimize döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk bilim we terbiýe almaga giň mümkinçilikler döredildi. Şeýle hem milli ruha ýugrulan edep-terbiýe mekdebini ýörelge edinmek, watansöýüji nesilleri kemala getirmek esasy ugurlaryň biridir.

Diller — dünýäniň açary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde barha uly abraýa eýe bolýar. Ýurdumyz dünýä ýurtlary bilen ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Dünýäniň dürli ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň giň gerimde alnyp barylmagy, ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy ene dilimizi hem-de daşary ýurt dillerini kämil bilýän hünärmenleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. Milli Liderimiz häzirki ösen jemgyýetimizde ähli kärdäki hünärmenleriň dil taýýarlygynyň zerurdygyny nygtaýar. Şoňa görä-de, türkmen ýaşlaryna, geljekki hünärmenlere daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmek, esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Işgärleri taýýarlamak we ylmy barlaglary geçirmek ulgamynda, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäginde türkmen talyplarynyň we hünärmenleriniň dünýäniň öňdebaryjy bilim we ylym merkezlerinde okamagynyň mümkinçiligine seredilmegi örän wajypdyr.

Halypanyň ýoluna belent sarpa

Gökdepe etrabyndaky Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdep ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň arasynda aýratyn tapawutlanýar. Bu mekdebiň owadan binasyna giren ýeriňde sag tarapda hormatly mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň: «Dowamat dowam bolsun... Nesiller bagtyýar durmuşda ýaşasyn!» diýen pähimli sözleriniň bu günki günde bilim işgärleri tarapyndan dowam etdirilýändigine aýdyň göz ýetirýärsiň. Hawa, Yzgant gadymy obalaryň biri bolup, onda 2009-njy ýylda Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän 27-nji orta mekdep gurlup, hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly aganyň ak pata bermegi bilen ulanylmaga berildi. Mekdep iki gatly bolup, 400 okuwça niýetlenendir. Bilim ojagynda okuw otaglarynyň 31-si, tejribe otaglarynyň 12-si we bir lingafon otagy bar. Bu mekdebiň binasynyň içinde uly sport zaly we howlusynda sport meýdançalarynyň ikisi hereket edýär.

Üstünlige beslenen ýyl

Ýakynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyp ýaşlaryň 2021-nji okuw ýylynda gazanan üstünlikleri boýunça olary sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýokary netijeleri bilen diňe bir uniwersitetiň däl, eýsem, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşine goşant goşan ýaşlar Hormat hatlary bilen sylaglandy. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen internet olimpiadasynda gazanylan görkezijiler boýunça Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary oňat netijelere eýe boldy. Olaryň otuzysy birinji orna, elli ikisi ikinji orna, elli birisi üçünji orna, şeýle-de on ikisi Hormat hatlaryna mynasyp bolup, degişli diplomlar bilen sylaglanyldy.

Özgertmeler — ösülere badalga

Bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiz halkymyzyň abadan durmuşynyň gözbaşyny ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmeginde görýändigini hemişe nygtaýar. Şeýle bolansoň, milli Liderimiziň döwletli çözgütleri esasynda ulgamy düýpli kämilleşdirmekde, ýaş nesillere bilim-terbiýe bermegiň hil derejesini dünýä ülňülerine laýyk getirmekde  ägirt uly işler amala aşyryldy. Dünýä ylmynyň soňky gazananlary, häzirki zaman okuw-görkezme esbaplary, interaktiw-multimediýa enjamlary bilim ulgamyna giňden ornaşdyryldy. Ýaş nesillere berilýän bilim-terbiýäniň hil derejesine täsir edýän şunuň ýaly özgertmeleriň giň gerim bilen dowam etdirilýandigi örän guwandyryjydyr.  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler ýaşlarymyzyň buýsanjyny artdyrýar. Halkymyzy ajaýyp zamanada ýaşadýan milli Liderimiziň adyna alkyş sözleri bagtyýar nesillerimiziň dilleriniň senasy bolup ýaňlanýar. Bu gün berkarar Watanymyzyň her bir ýaş raýaty döwletimiziň at-abraýyny mundan beýläk hem belende götermekde özlerine aýratyn orun degişlidigine oňat düşünmek bilen, täze belentliklere ýetmekde okamagy, öwrenmegi, bilimleri başarnykly ele almagy, geljekde ylymly, bilimli, hünärli adamlar bolup ýetişmegi baş maksat edinýärler.

Kämilligiň berk binýady

Arkadag Prezidentimiz ýakynda TASS agentliginiň sowallaryna jogap berende: «Mysal üçin, men dört ýaşly agtygymdan: «Saňa nähili oýunjagy sowgat etmeli?» diýip soraýaryn. Ol bolsa maňa: «Bir zat soramazdan ozal, ilki bilen, pikirleniň, soňra sowal beriň! Onsoňam, «LowiKod» ýa-da OR-kod açyp bolýarka, sowal bermegiň zerurlygy barmy, ine, biz özümiz size haýsy oýnawajy saýlap almagy teklip edip bileris» diýip jogap berýär. Görüň! Häzirki döwrüň çagalary nähili!» diýip aýtdy. Mähriban Arkadagymyzyň agtygynyň şu jogaby meni hünärmen hökmünde begendirdi. Häzirki döwürde durmuşymyzy kompýutersiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebimizde hem hormatly Prezidentimiziň sanly ulgamy ornaşdyrmak barada öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, netijeli işler durmuşa geçirilýär. Resmi WEB sahypasy, içki tor ulgamlary (lokal setler) döredildi, onlaýn konferensiýalaryny geçirmek üçin ýerler gurnaldy.

Üstünlikleriň açary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Beýik özgertmeler ýurdumyzyň bilim ulgamyny hem gurşap almak bilen, bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýaşlara berilýän bilimiň hiliniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Bilim ojaklarynyň, şol sanda orta mekdepleriň kämil kompýuterler, interaktiw-multimedia enjamlary, döwrebap görkezme esbaplary bilen üpjün edilmegi, okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagy ýaş nesliň häzirki zaman bilimlerini ele almagyna giň mümkinçilikleri döredýär, okuw-terbiýeçilik işiniň esaslarynyň kämilleşmegine ýardam edýär. Munuň özi bolsa, kämil bilimli, ruhy taýdan ösen, beden taýdan sagdyn, giň gözýetimli nesilleriň kemala gelmeginiň baş şertini emele getirýär.

Bagtyýar nesliň aladasy

Bagtyýar türkmen halky öz milli Lideriniň daşyna berk jebisleşip, agzybirlikde zähmet çekýär, gurýar, döredýär, Watanymyzyň gülläp ösüşlerine saldamly goşant goşýar. Şeýlelikde, Diýarymyz günsaýyn özgerýär, durmuşymyz gözelleşýär. Bu zatlar döwrümiziň bagtyýarlygynyň alamatydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze, döwrebap obalaryň we şäherçeleriň gurluşyklarynyň güýçli depginde alnyp barylmagy, olarda bina edilýän desgalaryň arasynda bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň binalarynyň bolmagy biz — bilim işgärleri üçin örän buýsançlydyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurulýan umumybilim berýän mekdeplerde hem-de çagalar baglarynda häzirki zaman kompýuterleriň, interaktiw multimedia enjamlarynyň ornaşdyrylmagy, olaryň döwrebap okuw görkezme esbaplary bilen üpjün edilmegi ýaş nesle bilimleri çuňňur özleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Sapakdan daşary özbaşdak ýumuşlar bilen işlemek

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ýaş nesliň orta mekdepde alýan bilimlerini ýokarlandyrmakda mugallymlar netijeli iş usullaryndan peýdalanýarlar. Mugallymyň esasy wezipesi guralýan sapagy gyzykly we täsirli alyp baryp, okuwçylaryň ünsüni özüne çekip bilmekden ybarat. Matematika sapagy hem okuwçylardan ünslüligi talap edýär. Ders boýunça sapakda we sapakdan daşary berilýän mysaldyr meseleler okuwçynyň pikirleniş ukyplarynyň ösmegine ýardam berýär. Şunda başlangyç synp okuwçylaryna matematika dersine bolan gyzyklanmany artdyrmak üçin, sapakdan daşary işlerde didaktiki maglumatlardan, oýunlardan, işjeň usullardan döredijilikli peýdalanmak örän ähmiýetlidir. Özbaşdak öwrenilen, onda-da haýsydyr bir kynçylygy ýeňip geçmek bilen özleşdirilen maglumatlar hemişe täsirli hem-de ýatda galyjy bolýar. Şolardan käbirlerini belläp geçeliň. Mysal üçin, ekiz doganlaryň biri gije-gündiziň 3-den 1 bölegini, beýlekisi bolsa 4-den 1 bölegini uklap, 72 ýaşa ýetdiler. Şunça ýaşyň içinde olaryň hersi jemi näçe ýyl uklapdyr?

Okatmagyň işjeň usullary

Okuwçylara bilim berlende ylmy taýdan esaslandyrylan usullardan, aýry-aýry temalary, düşünjeleri öwretmek boýunça usulyýetlerden peýdalanmak oňyn netije berýär. Usul – munuň özi tebigy we jemgyýetçilik hadysalara düşünmegiň, ony ylmy taýdan öwrenmegiň ýoly, hereketiň täri, usuly ýa-da görnüşi diýip düşündirilýär. Usulyýet bolsa usullaryň jemi ýa-da belli bir okuw dersini (meselem, türkmen dilini) okatmagyň kanunalaýyklyklaryny öwrenýän mugallymçylyk hünäriniň özenidir. Ol ýa-da beýleki dersi öwretmek boýunça usullaryň jemi okatmagyň usulyýetini emele getirýär. Islendik ders boýunça öwredilýän maglumatlar okuwçynyň umumy ösüşine täsirini ýetirýär. Şunda türkmen dili we edebiýat sapagyna has-da aýratyn orun degişlidir. Çünki okuwçylar hut şu dersiň üsti bilen öz pikirini dogry beýan etmegi, sözleýiş medeniýetini öwrenýärler. Okuwçynyň türkmen diliniň serişdelerinden peýdalanyp biliş derejesi näçe ýokary boldugyça, mekdepde geçilýän beýleki derslerden berilýän bilimleri özleşdirip bilmek mümkinçiligi ýokarlanýar. Türkmen dili dersi okuwçylaryň logiki pikirlenmesini ösdürmekde täsirli serişdeleriň biridir.

Ugur kämillige tarap

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ylym-bilim ösdürilýär we ýaşlara döwrebap bilim berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bilim bermegiň iň täze usullaryna geçilýär, innowasion tehnologiýalar durmuşa ornaşdyrylýar. Bu bolsa döwrebap bilimi, has takygy, sanly bilimi ösdürmekde möhüm ugur bolup durýar. Özgerişleriň we döwrebaplaşmagyň häzirki oňyn meýilleriniň «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» we beýleki ençeme maksatnamalaýyn meýilnamalaryň mazmunynda öz beýanyny tapýandygy bellenilmäge mynasypdyr.

Sanly ulgam — döwrebap mümkinçilikler

Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda häzirki zamanyň maglumat tehnologiýalary bilen hemmetaraplaýyn üpjün edilen ösen jemgyýeti kemala getirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Eziz Diýarymyzyň ylym-bilim ulgamyny sanlylaşdyrmagyň ýokary netijelerini gazanyp, şonuň esasynda hem sanly ykdysadyýet ösdürilýär, önümçilik gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ýokary bilim derejeli işgärler taýýarlanylýar. Şeýlelikde, ýurdumyzda düýpli ylma daýanylyp, durnukly ösüşiň belent maksatlaryna ýetmek ugrunda ähli ulgamlar we pudaklar sazlaşykly ösüş ýoluna düşüp, täze önümçilik kuwwatlyklary emele geldi. Internet ulgamynyň peýda bolmagy bilen ähli edara-kärhanalarda sanly ulgama geçilýär. Bu döwrebap hem-de innowasion tehniki ösüşler ýurdumyzyň ykdysadyýetini belent derejelere çykarýar. Ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamynda sanly tehnologiýalaryň giňişleýin peýdalanylmagy ýagty geljegimiz bolan ýaşlaryň döwrebap tehnologiýalar ugrundan kämilleşip, innowasion ösüşleriň öň hatarynda bolmagyna oňaýly täsir edýär. Mugallymlar, hünärmenler hem-de bilim alýan ýaş nesil täze ylmy taglymatlary öwrenip, dünýä tejribesinden, öňdebaryjy tehnologiýalardan habarly bolýarlar. Ýaşlaryň gözýetimi, okamak mümkinçilikleri hem barha giňelýär.

Bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi

29-30-njy noýabrda Aşgabat şäherindäki 89-njy orta mekdepde Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen «Bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep», «Bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ekologiýa taýdan arassa saklamakda, ony bagy-bossanlyga öwürmekde, miweli we saýaly baglary, gülli ösümlikleri ösdürip ýetişdirmekde, olara ideg etmekde görelde görkezýän ýaş nesli kemala getirmekden ybarat bolup durýar.

Talyplaryň üstünligi

Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin döredilýän mümkinçilikler özüniň oňyn netijelerini hem berýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary birnäçe halkara bäsleşiklere we olimpiadalara gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Ýaşlarymyzyň üstünligi ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralary bilen utgaşýar. Golaýda Russiýa Federasiýasynda nazary mehanika dersinden talyplaryň arasynda geçirilýän olimpiadanyň üçünji tapgyry bolup geçdi. Bu olimpiada geçen iki tapgyrda ýeňiji bolan talyplar gatnaşdylar. Olimpiada Russiýadan, Belorussiýadan we Türkmenistandan jemi 147 sany talyp gatnaşdy. Talyplar olimpiadada nazary mehanikanyň esasy bölümlerinden 8 meseläni çözmek boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Biziň ýurdumyzdan bu olimpiada 4 sany ýokary okuw mekdebinden 14 talyp gatnaşyp, olardan 4-si 2-nji we 3-nji orunlary, 8 sanysy bolsa 4-nji we 5-nji orunlary eýelediler. Sanly ulgam arkaly geçirilen bu olimpiadada Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary Kakageldi Agajanow we Jennet Bäşimowa 3-nji orna mynasyp boldular. Bu bolsa eziz Diýarymyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleriniň ajaýyp miweleriniň biridir.

Oguz ýaýy — adalatyň kemany

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň birinji tapgyry geçirildi 30-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň arasynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň birinji tapgyry geçirildi. «Oguz han eýýamy hem-de türkmen diplomatiýasynyň taryhy kökleri» diýlip atlandyrylan bäsleşige orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar.

«Açyk gapylar» güni geçirildi

Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdepde «Bitaraplyk — buýsanjymyz» şygary bilen «Açyk gapylar» güni geçirildi. Bu günde görkezilen bilim sergisinde we işine ussat, ökde mugallymlaryň guran göreldeli sapaklarynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynyň durmuşa geçirilişi, umumy orta bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuw maksatnamalarynyň talabalaýyk özleşdirilişi, mekdepde okuw-terbiýeçilik işleriniň döwrebap guralyşy, öňdebaryjy mugallymlaryň iş tejribeleriniň öwrenilişi öz beýanyny tapdy. «Açyk gapylar» güni welaýat Baş bilim müdirliginden we şäheriň dürli mekdeplerinden gatnaşan myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Goý, ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, dürli kärlerde päk zähmet çekmegi üçin bimöçber aladalary edýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, ähli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Bilim bagtyň çyragy

Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara bilim-terbiýe bermek bilen birlikde, olary milli mirasymyza sarpa goýmak ruhunda terbiýelemek esasy meseledir. Gözýetimi giň, bilimli, edepli, ýokary ahlak sypatly şahsyýetleri kemala getirmek bolsa, ene-atalar bilen des-deň derejede bilim işgärleriniňem borjudyr. Şonuň üçin biz — mugallymlar ilki özümiz görelde alarlyk bolmalydyrys. Mekdep okuwçylary göreldäni ene-atadan soňra bizden alýar. Şeýle bolansoň, göreldäniň adamyň özüni alyp barşyndan, ula-kiçä goýýan hormat-sarpasyndan başlanýandygyny ýaş nesliň aňyna ýetirip, olary durmuşa taýýarlamaly. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň geljekde ilhalar, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin hemme şertleri döredýär. Ýaşlara döredijilik, taslama işleri bilen meşgullanmaga, iň kämil, öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdirmäge giň mümkinçilikleri açýar. Bu bolsa, öz nobatynda, ýaş nesliň öňünde Gahryman Arkadagymyzyň bildirýän ynamyna mynasyp bolmaga ak ýollaryň açylýandygynyň mysalydyr. Hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän jemgyýetimizde ýaş nesliň ylymda, bilimde üstünlik gazanyp, ata Watanymyzyň abraýyny arşa götermekde mynasyp goşantlaryny goşmaklaryny gazanmak uly borç bolup durýar.

Düzme nähili ýazylýar?

Adatça, dilçi mugallymlar okuwçylaryň ýazuw işlerini, aýratyn-da, düzmelerini barlap, gözden geçirmegiň kyn işdiginden zeýrenýärler. Ýogsa-da düzme barlagy näme üçin beýle güzaplyka?! Biziňçe, munuň düýp sebäbi okuwçylaryň düzmelerinde täzelik az, käbirleri ekiztaýy ýaly meňzeş, galan birnäçesi hem okuw kitabynyň mazmunyny gaýtalaýar. Her bir düzmäniň möçberi-de okuwçy depderiniň 3-7 sahypasyny tutýar. Synplaryň okuwçy sany hem 35-e ýetýär. Şol bir zady şonça ýola (ugurdaş synplarda okuwçy sany 100-den hem geçýär) gaýta-gaýta okamagyň, dümtünip barlamagyň, bellikler etmegiň, ýalňyşlaryny seljerip, toparlara bölüp, jemläp, baha goýmagyň ezýetini göz öňüne getirmek kyn däl bolsa gerek. Eýsem, düzme barlagyny şatlyk çeşmesine öwrüp bolmazmyka?! Bada-bat aýdaýyn, bolar. Munuň üçin sowatly, özboluşly, täzeçil, täsin pikirlere baý düzmeleri ýazmagyň endiklerini okuwçylarda kemala getirmeli, ösdürmeli.

Abadan ertirimiziň aladasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde düýpli özgertmelere badalga berildi. Sanlyja ýyllarda-da bu özgertmeleriň oňyn täsiriniň şaýady bolmak bilim işgärlerini täze üstünliklere ruhlandyrýar. Abadan geljegimiziň ylymly-bilimli, zähmetsöýer, edep-terbiýeli neslini kemala getirmek iňňän jogapkärli wezipe. Bu wezipe mugallymlardan ukyp-başarnygy, sabyrlylygy, yhlas-tagallany talap edýär. Bagtly geljegimizi nazarlaýan şu bähbitli işde başlangyç synp mugallymlarynyň öňünde has çylşyrymly wezipe durýar. Sebäbi 1-nji synpa gadam basan oglanjygyň ýa-da gyzjagazyň ylym-bilim almakdaky şowly gadamlary başlangyç synplarda alan bilim-terbiýesinden başlanýar. Şonuň üçinem men çagalara bilim-terbiýe bermekde yhlas edýärin. Öňdebaryjy iş tejribelerinden netijeli peýdalanmak, okuw-görkezme esbaplaryny ýerlikli ulanmak okuwçylaryň geçilýänleri ýeňil we düýpli özleşdirmeklerine ýardam edýär. Onsoňam, çärýek asyra golaý iş tejribämiň çagalara durnukly bilim, mynasyp terbiýe bermekdäki yhlas- -tagallalaryma oňyn täsirini ýetirýändiginem ýatlamalydyrys.