Diller — dünýäniň açary

5 Dekabr 2021
934

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde barha uly abraýa eýe bolýar. Ýurdumyz dünýä ýurtlary bilen ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Dünýäniň dürli ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň giň gerimde alnyp barylmagy, ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy ene dilimizi hem-de daşary ýurt dillerini kämil bilýän hünärmenleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. Milli Liderimiz häzirki ösen jemgyýetimizde ähli kärdäki hünärmenleriň dil taýýarlygynyň zerurdygyny nygtaýar. Şoňa görä-de, türkmen ýaşlaryna, geljekki hünärmenlere daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmek, esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Işgärleri taýýarlamak we ylmy barlaglary geçirmek ulgamynda, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäginde türkmen talyplarynyň we hünärmenleriniň dünýäniň öňdebaryjy bilim we ylym merkezlerinde okamagynyň mümkinçiligine seredilmegi örän wajypdyr.

Gurbangül DURDYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.